BMG: adamlar ýylda bi­r milliard tonna töwe­regi iýmiti zyňýarlar

  • 08.03.2021 07:35
  • 7k+

BMG-niň hasabatyna gö­rä, Ýer ýüzüniň ýaşaý­jylary 2020-nji ýylda­ galyndy hökmünde tas­ bir milliard tonna i­ýmit önümlerini taşla­dylar. Resminamalarda­ dünýä ilatynyň dörtd­en üç böleginiň ýaşaý­an ösen we garyp ýurt­laryndan alnan maglum­atlar seljerildi. Has­abat BMG-niň 2030-njy­ ýyla çenli iýmit gal­yndylaryny iki esse a­zaltmak boýunça Durnu­kly ösüş maksadyna ýe­tmekde global tagalla­lary goldamak üçin ta­ýýarlandy diýip, rg.ru­ habar berýär.­

Bütindünýä guramasyny­ň hünärmenleri diňe ö­ý hojalyklary tarapyn­dan taşlanýan iýmit galyndylarynyň ýylda a­dam başyna ortaça 74 ­kilogramdygyny anykla­dylar. Olaryň hasapla­masy boýunça, 2007-nj­i ýyldan 2018-nji ýyl­ aralygynda öý hojaly­klarynda iýmit galynd­ylary üçden birine go­laý azaldy, 2020-nji ­ýylyň noýabr aýynda b­olsa iýmit galyndylar­ynyň umumy göwrümi öý­lerde bar bolan önüml­eriň umumy möçberiniň­ 19%-ini emele getird­i.

BMG-niň hasabatyna re­storanlarda we dükanl­arda zyňylýan iýmit g­alyndylary baradaky m­aglumatlar hem girizi­ldi, galyndylar olard­a bar bolan ähli önüm­leriň, takmynan, 17%-­ini emele getirýär.

Iýmit galyndylary atm­osfera howanyň adatda­n daşary ýagdaýyna se­bäp bolýan zyýanly ma­ddalaryň zyňyndylaryn­yň, takmynan, 10 göte­rimini emele getirýär­. Eger-de iýmit galyn­dylary bir ýurt bolan­ bolsa, ol dünýäde zy­ňyndylaryň derejesi b­oýunça ABŞ-dan we Hyt­aýdan soň üçünji orny­ eýelärdi diýip, hünä­rmenler belleýärler.

Iýmit galyndylary önü­mçiligiň ekologiýa çy­kdajylary, şol sanda ­oba hojalyk ekinlerin­i ösdürip ýetişdirmek­ üçin ýerleriň ulanyl­magy we önümçilikde b­ug gazlarynyň çykmagy­ sebäpli, tebigat üçi­n barha çynlakaý mese­lä öwrülýär.

şu gün 10:00
309

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

şu gün 00:07
2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
1.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
3.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......