Kerki şäherinde täze howa menziliniň gurluşygy dowam edýär

  • 17.11.2020 20:01
  • 24k+

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply täze howa menziliniň gurluşygy dowam edýär. Taslamany «Gündogdy» hususy kompaniýasy amala aşyrýar diýip, ORIENT habar berýär.

Uzynlygy 2 700 metr we ini 45 metr bolan uçuş-gonuş zolagynda agyr betony düşeme boýunça işler eýýäm tamamlandy we signal, ornitologiki, radiotehniki we nawigasiýa enjamlary ýaly ýörite enjamlary oturtmak boýunça işler alnyp barylýar.
Umumy meýdany 2 200 inedördül metr bolan ýolagçy terminaly guruldy. Häzir bu ýerde içerki bezeg işleri dowam edýär. Üç gatly terminal binasynyň beýikligi 12 metre barabar. Üçünji gatda uçuşy dolandyryş diňi ýerleşdirilen, onuň beýikligi – 31,7 metr.
Uçar duralgasy iki sany ortaça göwrümli ýa-da bir uly göwrümli howa gämisi we 4 sany dikuçar üçin niýetlenendir. Howa menziliniň düzüminde Ýöriteleşdirilen ulag hyzmaty, Ýangyn gullugy we Adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş gullugy, şeýle-de barlag we gözegçilik nokatlary göz öňünde tutulan. Häzirki wagtda bu ýerlerde we beýleki kömekçi tehniki desgalarda gurluşyk hem-de gurnama işleri dowam edýär.
Umuman, tutuş ýaşaýyş goldaw toplumy bolan howa menzili 210 gektar meýdany tutýar. Şol bir wagtyň özünde onuň töwereginde 12 100 inedördül metr meýdany abadanlaşdyrylýar.
Bellenilişi ýaly, ýakyn ýyllarda Garlyk şäherinde hem täze howa menzilini gurmak göz öňünde tutulýar.

düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......