Kerki şäherinde täze howa menziliniň gurluşygy dowam edýär

  • 17.11.2020 20:01
  • 24k+

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply täze howa menziliniň gurluşygy dowam edýär. Taslamany «Gündogdy» hususy kompaniýasy amala aşyrýar diýip, ORIENT habar berýär.

Uzynlygy 2 700 metr we ini 45 metr bolan uçuş-gonuş zolagynda agyr betony düşeme boýunça işler eýýäm tamamlandy we signal, ornitologiki, radiotehniki we nawigasiýa enjamlary ýaly ýörite enjamlary oturtmak boýunça işler alnyp barylýar.
Umumy meýdany 2 200 inedördül metr bolan ýolagçy terminaly guruldy. Häzir bu ýerde içerki bezeg işleri dowam edýär. Üç gatly terminal binasynyň beýikligi 12 metre barabar. Üçünji gatda uçuşy dolandyryş diňi ýerleşdirilen, onuň beýikligi – 31,7 metr.
Uçar duralgasy iki sany ortaça göwrümli ýa-da bir uly göwrümli howa gämisi we 4 sany dikuçar üçin niýetlenendir. Howa menziliniň düzüminde Ýöriteleşdirilen ulag hyzmaty, Ýangyn gullugy we Adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş gullugy, şeýle-de barlag we gözegçilik nokatlary göz öňünde tutulan. Häzirki wagtda bu ýerlerde we beýleki kömekçi tehniki desgalarda gurluşyk hem-de gurnama işleri dowam edýär.
Umuman, tutuş ýaşaýyş goldaw toplumy bolan howa menzili 210 gektar meýdany tutýar. Şol bir wagtyň özünde onuň töwereginde 12 100 inedördül metr meýdany abadanlaşdyrylýar.
Bellenilişi ýaly, ýakyn ýyllarda Garlyk şäherinde hem täze howa menzilini gurmak göz öňünde tutulýar.

düýn 23:33
1.5k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......

düýn 12:26
3.2k+

Seljermeler 2030-njy ýyla çenli Irlandiýanyň Ýewropanyň iň baý ýurdy boljakdygyna güwä geçýär

Euronews Business tarapyndan seljerilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) hasaplamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Ýewropada jemi içerki önümiň jan başyna düşýän derejesi artar, emma ýurtlaryň gurplulyk derejesi......

düýn 02:06
3.4k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

26.04.2026 20:46
8.7k+

ABŞ-da 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wiza» tassyklanyldy: eýýäm ýüzlerçe arza taýýar

Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-da ýaşamak rugsadyny berýän 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wizany» tassyklady. Söwda ministri Goward Lýutnik häzirki wagtda bu mümkinçilige eýe bolmak üçin ýüzlerçe......