GTA VI heniz çykmanka 3 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy we eýýäm öz çykdajylaryny ödedi

  • düýn 17:01
  • 3.5k+

«Grand Theft Auto VI-nyň» ilkinji gije-gündiziň dowamyndaky deslapky sargytlary 39 million nusgadan geçdi, olardan gelen umumy girdeji bolsa, çaklamalara görä, 3 milliard dollardan aşdy. Bu bolsa oýnuň resmi çykarylyşyndan hem öň bolup geçýär.

Öňünden sargytlaryň ilkinji tolkunynyň satuwlar başlanandan soň bir sagadyň dowamynda doly resmileşdirilendigi habar berilýär. Standart neşir 80 dollardan, goşmaça oýun içindäki mazmuny bolan giňeldilen wersiýasy bolsa 100 dollardan hödürlenýär.

Dürli çaklamalara görä, taslamanyň işlenip düzülýän býujeti 1-den 2 milliard dollara çenli bolup, bu oýny industriýanyň taryhyndaky iň gymmat taslamalaryň birine öwürýär.

«GTA VI-nyň» wakalary «Waýs-Sitide» bolup geçýär. Baş gahrymanlar Jeýson we Lusiýa bolar. Öndürijiler şeýle hem uly açyk dünýäni, oýun içindäki sosial ulgamy, köp sanly tötänleýin wakalary we interaktiw ýerleri mälim etdiler.

«Grand Theft Auto VI-nyň» 2026-njy ýylyň 19-njy noýabryna çykarylmagy meýilleşdirilýär. Bu 2013-nji ýylyň sentýabrynda «Grand Theft Auto V» çykandan soň, seriýanyň 13 ýylyň dowamynda çykan ilkinji täze bölegidir.

Oýnuň resmi saýtynyň rus dilindäki wersiýasy peýda bolandan soň, ulanyjylar taslamanyň rus dilinde goldaw aljakdygyny çakladylar. Şol bir wagtyň özünde, «Red Dead Redemption 2»-niň tejribesine esaslanyp, oýunçylaryň bir bölegi terjimäniň diňe subtitrler bilen çäklenip biljekdigini hasaplaýarlar.


düýn 08:17
704

Apple kompaniýasy Mac we iPad gurluşlarynyň bahasyny tas 20% gymmatlatdy

Apple kompaniýasy ýat çipleriniň we göterijileriň bahasynyň gymmatlamagy sebäpli birnäçe MacBook, iPad we iMac modelleriniň bahasyny, takmynan, 20% ýokarlandyrdy. Şondan soň maýa goýujylaryň islegiň peselip......

23.06.2026 08:37
7.8k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
4k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.4k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....