Multimedia täze awtoulag eýeleriniň arasynda esasy şikaýat çeşmesine öwrüldi

  • 04.06.2026 06:58
  • 4k+

Häzirki zaman awtoulaglarynyň eýeleri ulagynyň motoryndan ýa-da asma ulgamyndan däl-de, multimediýa ulgamyndan nägile bolýarlar. Vertu kompaniýasynyň tehnikleriň we satuwdan soňky hyzmat menejerleriniň arasynda geçiren pikirsoraşmasyna görä, hünärmenleriň 64%-i müşderileriň şikaýatlarynyň aglabasy multimediýa ulgamy bilen baglydygyny görkezdiler.

Esasy şikaýatlara ekranlaryň haýal işlemegi, menyuwyň çylşyrymly nawigasiýasy, smartfonlaryň baglanyşygy bilen bagly meseleler we gurlan nawigasiýa ulgamlarynyň amatsyzlygy girýär. Soraşylanlaryň 46%-i žest dolandyryşyny şikaýat çeşmesi hökmünde görkezdi, beýleki 35%-i bolsa zawod nawigasiýa ulgamynyň kemçiliklerini görkezdi.

Bilermenler hereketlendirijiniň, transmissiýanyň we asma ulgamynyň dogry işleýän ýagdaýynda-da, ekranyň dowamly meseleleriniň awtoulag barada umumy pikire ep-esli täsir edip biljekdigini belleýärler. Köp sürüjiler üçin multimediýa ulgamy häli-şindi ulanylýan funksiýalaryň birine öwrüldi we ol aýdym-saz, nawigasiýa, telefon jaňlary we awtoulagyň käbir sazlamalaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Kompaniýa synag sürüşi wagtynda multimediýa ulgamyna aýratyn üns bermegi maslahat berýär. Her bäş tehnikden biriniň pikirine görä, telefony birikdirmäge we interfeýsi barlamaga azyndan bäş minut sarp edilmelidir. Sensorly we jestli dolandyryşlaryň duralgada amatly ýaly görünmegi mümkin, ýöne ulag sürülýän wagtynda täsir köplenç üýtgeýär.

Ikinji iň köp duş gelýän şikaýat ulagy dolandyrmak bilen baglanyşykly Muny hünärmenleriň 26%-i agzady. Bularyň arasynda uly öwrüliş radiusy, giň görünmeýän zolaklar we ulanyş wagtynda ýüze çykýan beýleki häsiýetnamalar bar.

Barlagyň awtorlarynyň pikirine görä, häzirki zaman awtoulagyna diňe bir ulag serişdesi hökmünde däl, eýsem, ulanylanda amatlylygy köp babatda eýesiniň gündelik tejribesini kesgitleýän çylşyrymly sanly enjam hökmünde hem baha berilmeli.


düýn 18:36
2.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.9k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 09:56
6.5k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....