«28 ýyl soň» filminiň üçünji bölegi 2027-nji ýylda düşürilip başlanar

  • 31.05.2026 10:37
  • 8.4k+

Režissýor Denni Boýl «28 ýyl soň» franşizasynyň üçünji bölegini düşürmek işlerine geljek ýylda başlamagy meýilleşdirýär. Ol bu barada «Deadline» neşirine beren interwýusynda mälim etdi.

Ol ilkinji iki filmiň üstünde işläninden soň, trilogiýany dessine tamamlamak isländigini, ýöne önümçilik möhletleri sebäpli muny amala aşyrmaga mümkinçiligiň bolmandygyny aýtdy.

Boýluň sözlerine görä, täze filmiň wakalary Beýik Britaniýanyň diňe ýylyň belli bir möwsüminde surata düşürmäge amatly bolan sebitinde bolup geçýär. Şu sebäpli hem döredijilik topary häzirki möwsümde işe başlamaga ýetişmedi.

«Şu ýyl biziň wagtymyz gutardy, göni manyda gutardy... Şonuň üçin düşüriş işleri geljek ýylda bolar diýip umyt edýäris. Ýöne höwes bar, Aleks hem ajaýyp ssenariý ýazdy» – diýip, režissýor ssenariçi Aleks Garlandy göz öňünde tutup aýtdy.

Üçünji bölegiň sýužeti barada giňişleýin maglumatlar häzirlikçe ýok.

Ýatlap geçsek, «28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» filmi 16-njy ýanwarda prokata çykypdy. Film «28 gün soň», «28 hepde soň» we 2024-nji ýylyň iýunynda premýerasy bolan «28 ýyl soň» filmlerinde başlanan wakalary dowam etdirýär. Hereket adamlary agressiw zombilere öwürýän gahar-gazap wirusyna ýolugan Beýik Britaniýada bolup geçýär.

«Süňk ybadathanasy» filminde baş gahryman Alfie Williamsyň ýerine ýetirmeginde ýetginjek Jeýk boldy. Sýužete görä, ol Jimmi Kristalyň kultuna we onuň akrobat-ganhor toparyna goşulýar. Filmde Reýf Faýns, Killian Mýorfi we Jek O’Konnell ýaly meşhur aktýorlar hem surata düşdi.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......