Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

  • düýn 13:30
  • 4.8k+

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi.

ViliaSprint² taslamasyny Plurial Novilia gurluşyk kompaniýasy, HOBO Architecture binagärlik firmasy we PERI 3D Construction kompaniýasy durmuşa geçirdi. Gurluşyk üçin COBOD BOD2 printeri ulanyldy.

Täze jaý şol bir gurluşykçy tarapyndan däp bolan usullar arkaly gurlan meňzeş binanyň ýanynda ýerleşýär. Taslamanyň maglumatyna görä, 3D çap ediş usulynyň ulanylmagy gurluşygy üç aý ir tamamlamaga mümkinçilik berdi.

Bu Fransiýada agram göteriji gurluşlary hem, ähli diwarlary hem gönüden-göni gurluşyk meýdançasynda çap edilen ilkinji binadyr. Printer desganyň esasy karkasyny emele getirýän ýörite sement garyndysyny gatma-gat guýdy. Bu prosese üç operator gözegçilik etdi.


Ilkibaşda çap etmegi 50 günde tamamlamak meýilleşdirilipdi, ýöne iş 34 gün dowam etdi. Şondan soň, däp bolan gurluşyk tapgyry başlady: üçegi gurmak, penjireleri oturtmak, kommunikasiýa ulgamlaryny geçirmek we içerki bezeg işleri. Bu işler 2025-nji ýylyň martynda başlandy we 2026-njy ýylyň başynda tamamlandy.

Ýaşalýan jaýlarynyň umumy meýdany takmynan 800 inedördül metre deňdir. 12 kwartiranyň her birinde hususy balkon bar.

Jaý perlitden ýylylyk izolýasiýasy, 500 inedördül metr gün panelleri hem-de gaz enjamlary we ýylylyk nasosy ulanylýan gibrid ýyladyş ulgamy bilen üpjün edilen. Taslamaçylaryň pikirine görä, jaý energiýa zerurlyklarynyň takmynan 60% -ini özbaşdak üpjün edip bilýär.


29.05.2026 08:03
7.3k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

11.05.2026 18:16
5k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

11.05.2026 15:51
6.2k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....