Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

  • 20.05.2026 23:01
  • 7.8k+

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak çärelerini güýçlendirmäge çagyrdylar.

Ýigrimiden gowrak ýurduň ýygyndy we klub wekilleri (häzirki hem-de öňki meşhur oýunçylar) bu haty goldadylar. Olar hem aşa yssy baş aýlanmagy, güýçli ýadawlygy we myşsa guruşmasyny döredip bilýär, şonuň netijesinde bolsa, futbolçylaryň fiziki ukyby peselip, saglygyna uly howp abanýar diýip hasap edýärler.

Futbolçylar FIFA-nyň lukmanlaryň maslahatyndan ugur alyp, ýaryş başlanmanka yssylyk stressine garşy düzgünlerine täzeden seretmegini isleýärler. Bu ýüzlenme World Weather Attribution guramasynyň oýun wagtynda örän yssy howanyň bolup biljekdigi baradaky duýduryşyndan soň peýda boldy.

FIFA hem öz gezeginde oýunlarda boljak howa şertleri hakynda alada edilýändigini we stadionlar hem-de guramaçy şäherler bilen bilelikde şu aşakdaky çäreleriň görüljekdigini mälim etdi:

Howanyň gyzgynlygyna garamazdan, her ýarymda oýunçylara suw içmek üçin hökmany suratda 3 minutlyk arakesme berler.

Toparlar oýnuň dowamynda 5 sany oýunçyny çalşyp bilerler, goşmaça wagtda ýene bir çalşyga rugsat berler, şeýle-de oýunçynyň beýnisiniň sarsan ýagdaýynda aýratyn ýene bir gezek çalşyk edip bolar.

Üsti açyk stadionlarda futbolçylaryň oturýan ýerlerinde howany sowadýan ýörite mikroklimat enjamlary gurnalar.

Käbir oýunlar üsti ýapyk arenalara ýa-da günüň has salkyn böleginde geçiriler.

Dünýä çempionatynda 5 sany oýnuň 28 °C töweregi yssylykda geçirilmegine garaşylýar. Halkara professional futbolçylar assosiasiýasy (FIFPRO) bolsa bu gyzgynlygy oýun oynamak üçin howply hasaplaýar.

Ýagdaýlardan görnüşi ýaly, 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty diňe bir güýçli bäsdeşlik däl, eýsem aşa yssy howa garşy hem uly synag bolar. Şoňa görä, futbolçylar öz saglyklaryny goramak üçin FIFA-dan has gowy şertleri çäreleri talap edýärler.


düýn 17:07
7k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.8k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....