Gemini 3.5, ýok ýerden operasion ulgam we gözlegiň täze usuly: Google I/O 2026-da nämeleri görkezdi?

  • 21.05.2026 11:17
  • 1.2k+

Google "I/O 2026" ýyllyk dizaýnerler maslahatynda öz ekosistemasyny düýpli täzeländigini yglan etdi. Şonda tizligi bilen tapawutlanýan "Gemini 3.5 Flash-yň" başda durmagynda "Gemini 3.5" emeli aň modelleriniň täze maşgalasy tanyşdyryldy.

Çäräniň esasy mowzuklarynyň hatarynda: töwerekleýin işleýän şahsy "Gemini Spark" emeli aň agenti, "Antigravity 2.0" programmirleme platformasynyň giňişleýin täzelenişi, noldan operasiýa ulgamyny (OS) ýazyp bilýän emeli aň agentleriniň görkezilmegi, Google gözleg hyzmatynyň soňky 25 ýyldaky iň uly täzelenişi we "Gemini Omni" multimodal modeliniň YouTube hyzmatyna ornaşdyrylmagy bar.

Gemini 3.5 Flash-yň haýran galdyryjy tizligi

"Gemini 3.5" hatarynyň kiçi modeli bolan "Flash" dünýäde "Gemini" goşundysy we web-gözleg üçin täze standarta öwrüldi. Täze önümiň esasy aýratynlygy — onuň garaşylmadyk tizligidir: ol sekuntda 289 token generirleýär we bäsdeşlerinden dört esse öňe geçýär. Kyn şertli we daşarky gurallar bilen işlemek synaglarynda "Flash" beýleki emeli aň laboratoriýalarynyň flagman modellerini yzda galdyrdy. Şeýle hem, Google-yň bu modeli programmirleme we prosesleri awtomatlaşdyrmak üçin çykdajylary azaldýan "işçi at" hasaplanýar. Senagatyň esasy ugry indi emeli aňy adamdan akylly etmek däl-de, eýsem ony adamyň sanly toparyna öwürmekden ybaratdyr.

Antigravity 2.0-da emeli aňyň kömegi bilen operasion ulgamyň döredilmegi

Google "Antigravity" işlenip düzülen gurşawyny emeli aň agentlerini dolandyryş platformasyna öwürdi. "Antigravity 2.0" we "Gemini 3.5 Flash-yň" mümkinçiliklerini görkezmek üçin inženerler neýroulgamy noldan işleýän operasion ulgamyny ýasamaga borçlandyrdylar. 12 sagatlap bökdençsiz işlän 93 parallel subagent, adam kody bolmazdan ulgamyň ýadrosyny we ýady dolandyryş ulgamyny döretdi. Munuň üçin 1000 dollardan az serişde harçlandy.

Şahsy kömekçi Gemini Spark

Gije-gündiz işleýän täze "Gemini Spark" emeli aň kömekçisi "Google Workspace" we "Canva" ýa-da "Instacart" ýaly platformalar bilen çuňňur integrirlendi. Bu doly awtonom hyzmatdaş bolup, bank hasaplaryndaky gizlin komissiýalary anyklamaga, iş çatlaryndan hasabatlary düzmäge we ýerine ýetirmeli işleriň sanawyny düzmäge ukyplydyr. Howpsuzlyk maksady bilen, pul geçirimleri ýa-da hat iberiş ýaly möhüm hereketler diňe ulanyjynyň tassyklamasyndan soň ýerine ýetirilýär.

Google Gözlegi indi şahsy analitige meňzeýär
Gözleg ulgamy soňky 25 ýylda iň uly döwrebaplaşdyrmany başdan geçirdi. Indi gözleg setiri emeli aň bilen gepleşige öwrülýär. Ulanyjy diňe tekst däl, eýsem suratlar, faýllar, wideolar we hatda "Chrome" goşundysyndaky wkladkalar arkaly hem maglumat gözläp biler. Gözleg agentleri gözlegleriňi (meselem, kwartira gözlemek) gije-gündiz fon režiminde gözegçilik edip bilýärler. Olar habarlary, bloglary we sosial ulgamlary okap, möhüm zat tapylanda bildiriş iberýärler. Gözleg indi diňe salgylary bermek bilen çäklenmän, eýsem tabşyryklary ýerine ýetirip hem başlaýar.

YouTube-da üýtgeşmeler
Wideohostingde "Ask YouTube" funksiýasy peýda boldy — emeli aň wideonyň içinde jogap gözleýär we wideolaryň gysgaça mazmunyny düzýär. Şeýle hem, adaty çat ýaly goşmaça soraglary berip bolýar. "YouTube Create-e" bolsa wideo generirlemek we remikslemek üçin "Gemini Omni" modeli ornaşdyryldy. Indi emeli aň teksti, suratlary, sesleri we taýýar wideolary birleşdirip, bitewi wideo mazmunyny döredip bilýär.


düýn 11:10
583

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 09:45
1.4k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....