Rolls-Royce häzirki zaman suratkeşi Siril Kongo bilen bilelikde döredilen Cullinan Black Badge krossowerleriniň bäşlikden ybarat ýörite tapgyryny hödürledi. Ähli awtomobiller eýýäm brendiň kolleksionerleri tarapyndan satyn alyndy.

Daşyndan awtomobiller birmeňzeş stilde ýerine ýetirilen bolsa-da, olaryň her biri el bilen çekilen surat elementleri bolan şahsy dizaýnly interýere eýe boldy.

Suratkeş firma Starlight ulgamy üçin toslanyp tapylan planetalaryň we ýyldyz toplumlarynyň şekilleri çekilen özboluşly üçek kompozisiýalaryny işläp düzdi. Her awtomobilde 1344 sany optiki-süýümli "ýyldyz" gurnaldy.

Mundan başga-da, her bir Cullinan el bilen çekilen 19 sany agaçdan ýasalan bezeg oturtmalaryny aldy. Olar öňki panelde, ýygnalýan stollarda we yzky oturgyçlaryň arasyndaky merkezi konsolda ýerleşdirildi. Suratlary goramak üçin elementler on gat lak bilen örtüldi.
Cullinan modeli üçin ilkinji gezek salon reňklerini zolaklara bölmek shemasy ulanyldy. Esasy gara interýer dürli oturgyç ýerleri üçin ýagty reňkli — gyzyl, birýuza, sary we mämişi öwüşginli äheňler bilen dolduryldy.
23 dýuýmlyk tekerleriň arkasyndaky tormoz supportlary hem şol bir reňklerde bezeldi. Kuzow gök reňkli ownuk bölejikleri saklaýan lak bilen örtülen gara reňk bilen boýaldy.
Kompaniýa taslamanyň bahasyny aýan etmedi.