Google Android Auto-nyň uly täzelenmesini yglan etdi

  • 20.05.2026 15:18
  • 1.9k+

Google kompaniýasy Android Auto awtomobil hyzmatlarynyň we Google-yň gurnalan awtomobil platformasynyň uly göwrümli täzelenmesini tanyşdyrdy. Täze funksiýalar 2026-njy ýylyň dowamynda laýyk gelýän awtomobillerde kem-kemden peýda bolup başlar.

Android Auto ulgamy "Material 3" dizaýn konsepsiýasyna geçer. Täzelenme täze şriftleri, has ýumşak animasiýalary we interaktiw widžetleri öz içine alýar. Şeýle hem interfeýsiň dürli formatly displeýlere, şol sanda aşa giň we tegelek ekranlara uýgunlaşdyrylmagy kämilleşdirildi.

Google Maps kartasynda binalaryň we ýeriň gurluşynyň üç ölçegli modellerini görkezýän immersiw režim peýda bolar. Gurnalan Google ulgamy bolan awtomobillerde bolsa, öňdäki kameralaryň kömegi bilen ýol çyzyklaryny seljerýän we hakyky wagt režiminde dogry zolga gönükdirýän "Live Lane Guidance" funksiýasy elýeterli bolar.

Multimediýa täzelikleriniň arasynda awtomobil duran ýerinde ýa-da zarýad alýarka sekuntda 60 kadr ýygylygy bolan Full HD wideo goldawy bar. Bu funksiýa BMW, Ford, Hyundai, Kia, Mercedes-Benz, Renault, Skoda we Volvo ýaly markalaryň modellerinde peýda bolar. Awtomobil hereket edip başlanda ulgam wideony awtomatiki usulda diňe ses režimine geçirer. Şeýle hem Dolby Atmos giňişlik ses goldawy yglan edildi.

Gemini emeli aň kömekçisi awtomatiki jogaplary we nawigasiýa talaplaryny döretmek üçin hatlary hem-de senenamany seljerip biler. Gurnalan Google platformasy bolan awtomobillerde bolsa emeli aň dolandyryş paneliniň signallaryny düşündirip we ulag baradaky tehniki soraglara jogap berip biler. Mundan başga-da, ulgamda wideokonferensiýalar üçin niýetlenen programmalar, şol sanda Zoom peýda bolar.


düýn 17:00
2.4k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.8k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
1.9k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.8k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....