«Maşa we Aýy» multserialy doly metražly film bolar

  • 14.05.2026 20:52
  • 6k+

«Maşa we Aýy» multserialynyň awtory Oleg Kuzowkow taslamanyň esasynda dörediljek ilkinji doly metražly filmiň üstünde işläp başlady. Filmiň önümçiligi bilen onuň esaslandyran Studio MiM studiýasy meşgullanar.

«Variety» neşiriniň habar bermegine görä, Animaccord kompaniýasy bilen ygtyýarnama ylalaşygy tamamlanandan soň, Kuzowkow gahrymanlara bolan döredijilik gözegçiligini dikeltdi we Los-Anjelesde hem-de Moskwada ofisleri bolan garaşsyz animasiýa studiýasyny döretdi. Doly metražly film we fransiýanyň geljekki taslamalary bilen hut şu studiýa meşgullanar.

Täze film wakalaryň täzeden başlanmagy bolar we serialyň telewizion formatyndan tapawutlanar. Studiýanyň maglumatyna görä, gahrymanlar täze başdangeçirmelere ugrar, şol bir wagtyň özünde taslamanyň öwrenişilen gülküli we mähirli taraplary saklanyp galar.

«Maşa we Aýy» serialy häzirki wagtda «YouTube» platformasynda iň meşhur animasiýa taslamalarynyň biri bolmagynda galýar. Onuň «Maşa+kaşa» bölümine 4,6 milliard gezekden hem köp tomaşa edildi we ol platformada aýdym-saz däl wideolaryň arasynda iň köp görlen wideo boldy.

«Men “Maşa we Aýynyň” dünýäsini doly metražly film formatyna çenli giňeltmek mümkinçiligine örän şat. Bu uly döredijilikli synag we men ony gyzyklanma bilen kabul edýärin. Meniň toparym hem muňa goşulýar we serialyň söýülmegine sebäp bolan ruhy, degişmäni hem-de mähirliligi saklap, taslamany durmuşa geçirmäge taýýar» – diýip, Kuzowkow belledi.

Filmiň önümçiligini 2028-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.


şu gün 08:41
435

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.3k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

06.06.2026 16:07
6.5k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......