Agata Kristiniň syrly ýitirim bolşy barada film düşüriler

  • 14.05.2026 11:08
  • 3.4k+

Felisiti Jons «On bir ýitirilen gün» (Одиннадцать пропущенных дней»diýlip atlandyrylýan täze detektiw filminde Agata Kristiniň keşbini janlandyrar. Bu film ýazyjynyň 1926-njy ýyldaky syrly ýitirim bolşuna bagyşlanar diýip, Deadline neşiri habar berdi.

Kinotaslama 1926-njy ýylyň dekabrynda bolup geçen waka esaslanýar. Şol wagt meşhurlygynyň iň ýokary derejesine ýeten ýazyjy 11 günläp dereksiz ýitip, uly gözleg işleriniň sebäbine öwrülipdi. Jemgyýetde güýçli seslenme döreden bu wakany derňemäge döwrüň öňdebaryjy syýasatçylary we ýazyjylary, şol sanda Artur Konan Doýl hem gatnaşypdy.

Soňra Kristi myhmanhanalaryň birinden tapylýar. Ýöne ol şol ýere nähili barandygyny ýatlap bilmeýär. Ýitmegiň sebäpleri häzirki güne çenli jedelli mesele bolup galýar. Olaryň arasynda awtoulag heläkçiliginden soňky huşuny ýitirme, şeýle hem psihologik şikes ýa-da depressiýa sebäpli ýüze çykýan «psihofuga» (huşuň üýtgeme ýagdaýy) ýaly çaklamalar bar.

Filmde Wensan Kassel hem surata düşer. Ol işden çykan belgiýaly polisiýa detektiwiniň keşbini janlandyrar (bu keşp meşhur Erkýul Puarony ýatladýar). Aktýorlar düzümine Nikol Elizabet Berger we Oliwer Trewena hem girdiler.

Filmiň režissýory Berti Ellwud bolar. Ssenariýany Ernesto Foronda ýazyjynyň döredijiligini öwreniji Jared Keýdiň «Agata Kristi we on bir ýitirilen gün» atly kitabynyň esasynda ýazdy. Surata düşüriş işleriniň tomus paslynda Beýik Britaniýada başlanmagy meýilleşdirilýär.


şu gün 11:31
228

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....