Alymlar «Mona Lizada» holesteriniň ýokary derejesiniň alamatlaryny tapdy

  • 13.05.2026 19:47
  • 3.6k+

Leonardo da Winçi tarapyndan XVI asyryň başynda döredilen «Mona Liza» suraty taryhda maşgala giperholesterinemiýasynyň — lukmançylyk tarapyndan resmi taýdan diňe 1852-nji ýylda düşündirilen nesil yzarlaýan keseliň ilkinji şekillendirmesini saklap biler.

Ylmy gözlegçiler portretdäki iki sany detala üns berdi: aýalyň çep gabagynyň ýanyndaky sarymtyl tegmil we sag elindäki çala çiş. Häzirki zaman lukmançylygynda bu alamatlar ksantelazma we ksantoma hökmünde bellidir — bular holesteriniň ýokary derejesiniň alamatlarydyr.

2008-nji ýylda «Current Cardiology Reviews» žurnalynda çap edilen barlaga görä, suratyň modeli Liza Gerardini maşgala giperholesterinemiýasyndan ejir çeken bolup biler. Işiň awtory, norwegiýaly lukman Leýw Ose suratkeş da Winçiniň eseriniň bu keseliň iň irki şekillendirmesi bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

Portret, takmynan, 1506-njy ýylda — keseliň resmi taýdan ýazylyp beýan edilmeginden 346 ýyl ozal çekilipdir. Taryhçylar Liza Gerardininiň 37 ýaşynda aradan çykandygyny belleýär, bu kesel bolsa ýaş wagtyňda ýürek-damar keselleriniň ýüze çykma töwekgelçiligi bilen baglanyşdyrylýar. Holesteriniň ýokary derejesini netijeli bejermek mümkinçiligi diňe XX asyrda statinleriň döredilmegi bilen peýda boldy.

Alymlar meňzeş alamatlary gollandiýaly suratkeş Frans Halsyň 1663-nji ýylda çeken «Garry aýalyň portretinde» hem tapdy. Ýöne hut «Mona Liza» sungat taryhynda nesil yzarlaýan ýokary holesteriniň iň irki «lukmançylyk şaýatnamasy» hasaplanýar.


21.06.2026 10:39
6.2k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

20.06.2026 16:49
3.8k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......