ChatGPT kyn ýagdaýa düşseňiz ýakynlaryňyza habar berip başlar

  • 12.05.2026 07:36
  • 2.4k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT ulgamy üçin täze «Trusted Contact» (Ynamdar şahsyýet) howpsuzlyk funksiýasyny girizip başlady.

Bu funksiýa ulanyjylara adatdan daşary ýagdaýlar üçin ynamdar bir adamyny bellemäge mümkinçilik berýär. Eger ulgam ulanyjynyň soraglarynda öz-özüne zyýan ýetirmek ýaly meýilleriň alamatlaryny anyklasa, bellenen şahsyýete duýduryş ugradylar. Funksiýa häzirlikçe meýletin sazlama hökmünde işleýär we 18 ýaşdan (käbir ýurtlarda 19 ýaşdan) uly bolan ulanyjylara elýeterlidir.

Ulanyjy diňe bir adamy – garyndaşyny, dostuny, ýanýoldaşyny ýa-da ýakyn hossaryny belläp bilýär. Şol bellenen adam bir hepdäniň içinde öz razylygyny tassyklamalydyr.

ChatGPT-niň algoritmleri habarlary seljerýär we çynlakaý psihologik bökdençligiň alamatlaryny anyklaýar. Ilki bilen ulanyja özbaşdak kömek soramak barada duýduryş gelýär. Şondan soň ýagdaý kompaniýanyň ýörite taýýarlykdan geçen hünärmenler toparyna barlag üçin iberilýär. Eger hünärmenler howpuň hakykydygyny tassyklasalar, ynamdar şahsyýete elektron poçta, SMS ýa-da goşundy arkaly gysgaça habar ugradylar.

Esasy zat, ulanyjynyň ýazyşmalarynyň mazmuny açylmaz. Habarnamada diňe ýagdaý barada umumy maglumat we ulanyja nähili goldaw bermelidigi barada maslahatlar bolar.

OpenAI bu funksiýanyň klinik lukmanlar, barlagçylar we Amerikanyň psihologiýa assosiasiýasy bilen bilelikde işlenip düzülendigini mälim etdi. Bu ädim soňky wagtda käbir adamlaryň kazyýete ýakynlarynyň «çat-botlar bilen aragatnaşygy zerarly güýçli psihologik kynçylyklara sezewar bolandyklary» baradaky şikaýatlary sebäpli ädildi.

Täze ulgam sosial ulgamlarda uly gyzyklanma döretdi. Ulanyjylaryň bir bölegi bu başlangyjy goldasa, beýlekileri şahsy maglumatlaryň gizlinligi we howply ýagdaýyň nähili kesgitlenýändigi barada ynjalyksyzlandylar.


şu gün 16:10
511

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
911

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......