Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

  • 11.05.2026 20:32
  • 2k+

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan wirtual algoritm bilen gürleşmegi has makul bilen 20 ýaşly gyz bu gullugyň hassasy boldy.

Bu kliniki ýagdaý Wenesiýadaky özüňi alyp baryş boýunça bozulmalary bejerýän bölüm (ULSS 3) tarapyndan hasaba alyndy.

Hünärmenleriň maglumatyna görä, gyz uzak wagtlap özüniň emosional isleglerine uýgunlaşan emeli aň boty bilen aragatnaşyk saklaýar. Wagtyň geçmegi bilen wirtual söhbetdeş onuň üçin howpsuz we ýagdaýa düşünýän bir närsä öwrülýär. Netijede, neýroulgam onuň hakyky dostlarynyň ornuny tutup, hassanyň daşky dünýäden dolulygyna diýen ýaly üzňe bolmagyna getirýär.

Edaranyň baş lukmany Laura Suardi şeýle patologiýanyň öňden çaklanylandygyny belledi. Şeýle hetdenaşa garaşlylygyň döremegine neýroulgamlaryň ulanyjynyň isleglerini öňünden bilip, onuň eşitmek isleýän jogaplaryny bermegi sebäp bolýar.


şu gün 16:10
1.9k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
929

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......