Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

  • 11.05.2026 15:47
  • 1.7k+

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir.

Enjam displeý bilen üpjün edilmedi, emma ol esasy datçikler, şol sanda ädim ölçeýji, optiki puls sensory, gandaky kislorodyň derejesini saklaýan infragyzyl datçigi we temperatura sensory bilen enjamlaşdyryldy.

Fitbit Air Bluetooth 5.0 arkaly smartfona birikmegi goldaýar. Kompaniýa akkumulýatoryň göwrümini aýan etmedi, emma enjamyň zarýad bermezden ýedi güne çenli işläp biljekdigini mälim etdi.Fitbit Air-iň kemerleri bilegiň aýlawy 21 santimetrden az bolan ulanyjylar üçin niýetlenendir. Bilezigiň bahasy 100 dollar bolar. Şunda Google, ýyllyk abunany takmynan 200 dollar bolan Whoop serwisinden tapawutlylykda, hökmany abuna talap etmeýär.

Goşmaça hökmünde, ulanyjylar giňeldilen funksiýalardan peýdalanmak üçin aýda 10 dollar töläp, Health Premium ýazylyşygyny resmileşdirip bilerler.

Enjam üçin öňünden sargytlar eýýäm açyldy. Fitbit Air 26-njy maýda satuwa çykar.


düýn 17:00
2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.7k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
1.9k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.8k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....