Alymlar mekdepde yzagalak okuwçylaryň karýera ösüşi hadysasyny düşündirmäge synanyşdylar

  • 05.05.2026 00:04
  • 5.7k+

Bu köplere tanyş ýagdaý: mekdepde käbir okuwçylar yzygiderli ýokary baha alýarlar, beýlekileri bolsa kynlyk bilen ortaça derejä ýetmek üçin göreşýärler.

Ýyllar geçensoň, köplenç bar zat tersine üýtgeýär - öň ortaça okan ýa-da hatda “ikilikçi” okuwçylar öz hususy işlerini açýarlar, ýolbaşçy wezipeleri eýeleýärler ýa-da durmuşda öz orunlaryny tapmagyň üýtgeşik usullaryny tapýarlar. Barlagçylar munuň tötänlik däl-de, kanunalaýyklykdygyna ynanýarlar.

Anyklanyp oturylsa, munuň sebäbi diňe bir aň-paýhas bilen bagly bolman, eýsem pikirlenişdäki we özüňi alyp baryşdaky tapawutlarynda bolup çykýar. Mekdep ulgamy öz tebigaty boýunça düzgünleri berjaý edýänleri, maglumatlary ýatda saklap bilýänleri we tabşyryklary takyk ýerine ýetirýänleri höweslendirýär. Emma synpdan daşarda bu häsiýetler möhüm bolmagyny bes edýär.

Mekdepde ýaramaz okanlar, köplenç, ýaşlygyndan bellenen düzgünlere şübheli garap başlaýarlar. Olar agzalan düzgünleri gutarnykly hasaplamaýarlar, öwrümli ýollary gözleýärler we alternatiw çözgütleri öwrenýärler. Wagtyň geçmegi bilen, bu telekeçilik pikirine - beýlekileriň çäklendirmeleri görýän ýerinde mümkinçilikleri görmek ukybyna öwrülip biler.

Başga bir tarapy hem bar, ýagny tejribe. Käbirleri ünsüni nazaryýete jemleýän mahaly, beýlekileri hakyky durmuş bilen has ir tanyşýarlar: olar işläp başlaýarlar, taslamalary durmuşa geçirmäge synanyp görýärler, adamlar bilen gatnaşykda bolmagy öwrenýärler we karar kabul edýärler. Bu tejribe olara okuw kitaplaryndan daşarda prosesleriň nähili gurlandygyna düşünmäge kömek edýär.

Şowsuzlyga çydamlylyk hem şeýle möhümdir. Tankyda we pes bahalara öwrenişen adamlar köplenç şowsuzlyklara aňsatlyk bilen döz gelýärler. Olar çalt uýgunlaşýarlar we täzeden başlamakdan gorkmaýarlar. Ýalňyşlyklaryň gutulgysyz ýagdaýynda, goý, ol biznes bolsun ýa-da karýera - bu uly artykmaçlyga öwrülýär.

Mekdepde bir hili häsiýetlere, durmuşda bolsa düýbünden başga häsiýetlere ähmiýet berilýändigi mälim bolýar.

Çeýelik, başlangyç, töwekgelçilik etmäge we näbelliligiň içinde hereket etmäge taýyn bolmak, köplenç, oňat bahalardan has möhümdir. Şonuň üçin pes akademiki görkezijiler geljegi kesgitlemeýär - käwagt ol diňe üstünlige barýan başga, adaty bolmadyk ýoly görkezýär.


düýn 23:01
887

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
3.9k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

02.06.2026 19:33
6.6k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....

01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......