Indi USB-C bilen noutbuklara-da zarýad berip bolar: Ýewropa Bileleşiginde täze düzgün çykdy

  • 05.05.2026 13:14
  • 1.6k+

Ýewropa Bileleşiginde geçiş döwri tamamlandy we USB-C porty kuwwaty 100 Wt çenli bolan täze ykjam kompýuterlere (noutbuklar) zarýad bermek üçin hökmany standarta öwrüldi. Bu talap Radiogurluşlar baradaky direktiwanyň täzelenen kadalarynda berkidildi.

Täze düzgünler, hakykat ýüzünde, ÝB-niň bazarynda diňe «tegelek» ştekerler ýa-da markanyň özüne mahsus bolan beýleki zarýad beriş portlary arkaly zarýad alýan noutbuklaryň çykarylmagyny gadagan edýär. USB-C standartyny ulanmaýan öndürijiler şeýle enjamlary Bileleşigiň ýurtlarynda satmak mümkinçiligini ýitirýär.

Kuwwaty 100 Wt-den köp bolan güýçli oýun noutbuklary we iş stansiýalary üçin kadadan çykmalara ýol berilýär. Olar öz iýmitlendiriş bloklaryny saklap galyp biler, ýöne şol bir wagtyň özünde standart režimde zarýad bermek mümkinçiligi bilen USB-C portunyň hem bolmagy hökmanydyr.

Şeýle hem sarp edijileriň noutbugy toplumynda zarýad beriji bloksuz satyn almaga bolan hukugy aýratyn berkidildi. Ýewropa Parlamentiniň hasaplamalaryna görä, bu çäre ÝB-niň ýaşaýjylaryna her ýyl, takmynan, 250 million ýewro tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Bu çözgüt ekologiýa maksatlary bilen düşündirilýär: Ýewropa Komissiýasy bu arkaly her ýyl elektron galyndylaryň, takmynan, 11 müň tonna azalmagyna garaşýar.

Kanun eýýäm öndürilen ýa-da satuwda bar bolan enjamlara degişli bolman, diňe täze çykarylýan modellere degişlidir.


düýn 11:15
2.3k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 07:37
2.7k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....