Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

  • 14.05.2026 16:08
  • 3.7k+

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar berýär.

Artistleri goldamak üçin Blantyň ýoldaşy Jon Krasinski we Tuççiniň aýaly Felisiti Blant (Emiliniň uýasy), şeýle hem aktýorlar Meril Strip, Robert Dauni-kiçi, Mett Deýmon we Dueýn Jonson geldi.

Çykyşynyň dowamynda Mett Deýmon 65 ýaşly Tuççini we 43 ýaşly Blanty «legendalar» diýip atlandyrdy.

«Siz onlarça ýyl bäri yzygiderli ajaýyp işleri edip gelýärsiňiz we size tomaşa etmek uly lezzet berýär. Ýöne mundan başga-da, siziň ikiňiz meniň şu güne çenli Ýeriň ýüzünde duşan iň gowy görýän adamlarym» – diýip, ol belledi.

Emili Blant gatnaşyjylara beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi we bu wakanyň ähmiýetini nygtady. Stenli Tuççi bolsa, öz gezeginde, Meril Stripiň ony «milli gymmatlyk» diýip atlandyran sözleriniň özüni örän tolgundyrandygyny we muny durmuşyndaky iň ýokary baha bermeleriň biri hasaplaýandygyny aýtdy.

Ýatlap geçsek, 1-nji maýda Meril Stripiň, Emili Blantyň, Stenli Tuççiniň we Enn Heteueýiň ýene bilelikde gatnaşmagynda «Melgun Prada geýýär-2» filmi prokata çykdy.


şu gün 08:26
270

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
929

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....