Motorola Swarovski kristallary bilen bezelen smartfon bilen gulaklyk hödürleýär

  • 14.05.2026 14:53
  • 2.4k+

Motorola kompaniýasy Swarovski kristallary bilen bezelen «Brilliant Collection» atly premium enjamlar toplumyny resmi taýdan hödürledi. Bu ýörite topluma Swarovski kristallary bilen bezelen «Motorola Signature» flagman smartfony we «Moto Buds 2 Plus» simsiz gulaklyklary girýär.

Täze enjamlaryň esasy aýratynlygy – gymmat bahaly daşlaryň el bilen goýulmagy we Pantone tarapyndan işlenip düzülen «Violet Indigo» reňkiniň utgaşdyrylmagydyr.

Öndürijiniň mälim etmegine görä, «Motorola Signature» smartfonunyň yzky paneli ýüpek matasyna meňzeş tekstura eýe bolup, ol 20 sany ametist reňkli Swarovski kristaly bilen bezelendir. Öz gezeginde, her bir «Moto Buds 2 Plus» gulaklygyna 12 sany, olaryň zarýad beriş gutusyna bolsa ýene 41 sany bezeg kristaly goýuldy.

Täze toplumy ýakyn hepdelerde Ýewropada, Ýakyn Gündogarda, Afrikada, Latyn Amerikasynda we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde satuwa çykarmak meýilleşdirilýär.

«Motorola Signature» (16/512 GB) modeliniň bahasy 1400 ýewro, «Moto Buds 2 Plus» gulaklygynyň bahasy bolsa 150 ýewro bolar.

Ýatladyp geçsek, bu smartfonuň şu ýylyň ýanwar aýynda çykan 6,8 dýuýmlyk AMOLED ekrana, Snapdragon 8 Gen 5 prosessoryna we 50 megapiksellik üçli kamera eýe bolan adaty görnüşine 820 ýewro baha kesilipdi.


23.06.2026 08:37
7.3k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.3k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......