«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

  • 30.04.2026 16:55
  • 3.1k+

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler.

Baýramçylyk çäresine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, tenor Meýlis Myratgeldiýew, solist Döwlet Ýoldaşow bilen «Grand music» saz topary gatnaşar. Ruslan Baltaýew baýanda sazandarlyk eder.

Guramaçylaryň bellemegine görä, «Beýik Ýeňiş — kalplarda» atly konsert pederlerimiziň söweş meýdanlarynda we tylda görkezen edermenliklerine bagyşlanýar. Konsertde uruş ýyllarynyň kalba ýakyn aýdymlary ýaňlanar.

Konsert sagat 19:00-da başlanýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 62937441, +993 61794691.


şu gün 10:55
3.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.9k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 16:29
3.6k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

08.06.2026 12:12
3.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......