Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

  • 30.04.2026 16:17
  • 4.2k+

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi.

Forum we sergi strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemäge we bilelikdäki taslamalary öňe sürmäge gönükdirilendir. Çärä iki ýurduň döwlet edaralarynyň wekilleri we işewürler gatnaşdy.

Işewürler forumynyň çäklerinde gatnaşyjylara hemmetaraplaýyn strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gepleşikleriň ösüşi baradaky wideoşekiller görkezildi. Amala aşyrylan taslamalar, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistan–Hytaý transmilli gaz geçirijisi netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde bellenildi.

Plenar mejlisler şu mowzuklar boýunça geçirildi: «Hyzmatdaşlyk, ynam, ösüş: türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze tapgyry», «Ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyry», «Senagat we gurluşyk: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri», «Ýewraziýa geçelgesi: täze netijeli logistika ekoulgamynyň kemala gelmegi», «Sanly ösüş: "akylly" we özara baglanyşykly geljegi döretmek», «Oba hojalyk toplumynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri».

Mejlislerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ykdysady görkezijileri, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum mümkinçilikleri barada durlup geçildi. Hytaý Türkmenistanyň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar. Iki ýurduň durnukly ösüşine gönükdirilýän maýa goýumlaryň uly möçberi we önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagy haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de eksporta gönükdirilen harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge mümkinçilik açýar. Hytaý maýasynyň gatnaşmagynda onlarça iri taslamalaryň amala aşyrylandygy we bu ugurdaky işleriň üstünlikli dowam edýändigi aýratyn nygtaldy.

Halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklara, sanly tehnologiýalary ösdürmäge we emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Aragatnaşygy we internet hyzmatlaryny ösdürmek boýunça başlangyçlara seredildi.

Energetika, gazhimiýa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ulag we logistika ulgamlaryndaky geljekki mümkinçilikler maslahatlaşyldy. Şeýle hem gurluşyk, oba hojalygy ulgamlaryna we «akylly» tehnologiýalara aýratyn üns berildi.

Gatnaşyjylaryň nygtamagyna görä, bu forum hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, maýa goýumlary giňeltmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly şertleri döredýär.


düýn 23:59
991

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

düýn 14:06
5.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

düýn 14:01
5.2k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
6.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....