Täze gözleg: biotiniň ýetmezçiligi düwnük öýjükleriniň ösüşini saklaýar

  • 01.05.2026 08:29
  • 2.7k+

Lozanna uniwersitetiniň alymlary rak öýjükleriniň ejiz tarapyny salgy berip biljek mehanizmi tapdylar we B7 witamininiň ýetmezçiliginde olaryň käbiriniň ösmek ukybyny ýitirýändigini ýüze çykardylar.

Öýjüklere ösmek we bölünmek üçin iýmit maddalary zerurdyr. Bu ýerde glutamin – beloklaryň we DNK-nyň emele gelmegine gatnaşýan aminokislota aýratyn orny eýeleýär. Köp çişler biotine örän baglydyr. Ýöne muňa garamazdan, olar uýgunlaşyp, ýaşap galmagyň alternatiw ýoly hökmünde özlerine başga iýmit çeşmesini – piruwaty tapýarlar.

Alymlar bu ýerde iňňän möhüm bir zady anykladylar: rak öýjüginiň piruwaty ulanyp bilmegi üçin piruwatkarboksillaza diýen ferment gerek. Bu fermentiň işläp bilmegi üçin bolsa, hökman B7 witamini – biotin zerurdyr. Eger biotin ýetmezçilik etse, bu ferment işini bes edýär we rak öýjügi özüne başga iýmit çeşmesini tapyp bilmän, ösüşini haýalladýar ýa-da doly togtadýar.

Şeýle hem barlaglar FBXW7 geniniň mutasiýa ugran ýagdaýynda öýjükleriň piruwaty ulanmak ukybynyň peselýändigini we olaryň glutamine has garaşly bolup galýandygyny görkezdi. Alymlaryň pikirine görä, bu maglumatlar rak çişleriniň özüni goramak üçin ulanýan şeýle «ätiýaçlyk ýollaryny» ýapyp biler we netijede madda çalşygynyň birnäçe prosesine birbada täsir etjek täze bejergi usullaryny işläp düzmäge uly kömek eder.


09.06.2026 23:14
7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....