Fransiýa Reýunion adasynda dünýäniň iň gymmat ýoluny gurdurýar

  • 29.04.2026 21:46
  • 8.5k+

Hindi ummanyndaky Reýunion adasynda taryhdaky iň çylşyrymly we gymmat infrastruktura taslamalarynyň biri bolan «Nouvelle Route du Littoral» (Täze kenarýaka ýoly) gurulýar.

Adanyň Sen-Deni şäheri bilen port şäher Le-Porty birleşdirýän 1959-njy ýyldaky köne ýol örän howply. Ol bir tarapy dik gaýalar, beýleki tarapy umman bolan darajyk ýerde ýerleşýär. Günde 80 müň ulagyň gatnaýan bu ýoly güýçli tupanlar we gaýa çökmeleri ýygy-ýygydan ýapyp goýýar. Şonuň üçin inženerler ýoly suwuň üstüne – ummana geçirmek kararyna geldiler.

Taslamanyň uzynlygy 12,5 kilometr bolup, onuň esasy bölegini 5,4 kilometrlik «Grand-Shalup» köprüsi düzýär. Bu Fransiýanyň iň uzyn köprüsi hasaplanýar. Ýöne gurluşyk ýyllarboýy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ilki bilen daş almak üçin hendekleriň gurluşygyna ekologlar garşy çykdylar we kazyýet olary gadagan etdi. Soňra beton bloklarynyň ýalňyş goýulmagy işiň dowamlylygyna päsgel berdi. Şu kynçylyklar sebäpli taslamanyň bahasy 2 milliard ýewrodan geçdi we ol dünýäniň iň gymmat ýollarynyň hataryna girdi.

2022-nji ýylda hökümet ýoluň galan bölegini hem geçelge görnüşinde gurmak kararyna geldi. 2025-nji ýylyň ahyrynda taýýarlyk işleri başlandy, gurluşygyň esasy bölegi bolsa 2027-nji ýyla meýilleşdirildi. Taslamanyň 2030-njy ýyla çenli doly tamamlanmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda sürüjiler ýoluň täze bölümlerini we köne ýoluň bir bölegini gezekleşip ulanmaly bolýarlar. Bu ýagdaý geografik we ekologik şertleriň iň uly inženerçilik meýillerine hem nähili çäklendirme goýup bilýändigini görkezýär.


09.06.2026 23:10
2.3k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....