​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

  • 28.04.2026 07:10
  • 5k+

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million syýahatçyny garşylady, bu bolsa hökümeti infrastrukturanyň "çendenaşa ösüşine" garşy göreşmäge mejbur etdi.

Şäher häkimi Haris Dukasyň aýtmagyna görä, syýahatçylaryň aşa köp gelmegi şäheriň özboluşlylygyna we ýerli ilatyň ýaşaýşynyň hiline zyýan ýetirýär.

Taryhy merkez syýahatçylardan doly we şäheriň býujeti, esasan, daşary ýurtlulara hyzmat edýän elektrik energiýasyny, suwy, suw akabalaryny we 5G ulgamlaryny saklamak üçin aýlyk çykdajylary köpeltmäge mejbur bolýar.

​Afiny şäheriniň merkezinde köpçülikleýin syýahatçylyk sebäpli azyk we kärende bahalary barha ýokarlanýar, bu bolsa ýerli ilaty öýlerini terk etmäge mejbur edýär.

"Afiny ägirt uly myhmanhana ýaly işläp bilmez. Çäklendirmeler we düzgünler gerek. Şäherleriň hem öz ösüşi babatda sözüni aýtmaga hukugy bolmaly" - diýip, şäher häkimi mälim etdi.
 
Täze syýasatyň bir bölegi hökmünde, 2024-nji ýylda wezipesine girişen şäher häkimi täze myhmanhanalary gurmak üçin rugsatnamalaryň berilmegini togtadyp, binalaryň üçeklerinde kafeleriň we restoranlaryň açylmagyny çäklendirmegi talap edýär. Has takygy, Akropolyň eteginde köp gatly jaýlary gurmagy meýilleşdirýän maýadarlara garşy göreş alnyp barylýar.

"Biz Plakanyň syýahatçylyk infrastrukturasyna goýlan ähli maýa goýumlaryny bes ederis, men ony halas etmegi maksat edinýärin. Gysga möhletli kärendeler üçin hem, apartamentler üçin hem, myhmanhanalara-da indi ýer ýok. Bu ýer olardan doýgun" - diýip, şäher häkimi yglan etdi.

Bu çäreler bilen bir hatarda, Dukas merkezde eýýäm 3800-den gowrak agaç ekmek bilen, bag ekmek maksatnamasyny durmuşa geçirýär.


şu gün 12:20
345

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3.1k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......