Türkiýäniň parlamenti 15 ýaşa çenli çagalaryň sosial torlara girmegini çäklendirdi

  • 28.04.2026 14:40
  • 2.3k+

23-nji aprelde Türkiýäniň parlamenti 15 ýaşyna ýetmedik çagalara sosial torlarda akkaunt açmagy gadagan edýän kanuny kabul etdi. Indi platformalar ýaşy anyklamagyň ygtybarly ulgamlaryny ornaşdyrmaga we ene-atalar üçin gözegçilik gurallaryny döretmäge borçludyr.

Rejep Taýyp Ärdoganyň partiýasy tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sanly giňişlikdäki goragyny güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem bu kanun tehnologiýa kompaniýalaryny zyýanly kontentleri çalt bozmaga borçlandyrýar. Ýagdaýa çalt jogap berilmedik halatynda gözegçilik ediji edara tarapyndan uly möçberde jerimeler salnar ýa-da şol platformalara garşy tehniki çäklendirmeler giriziler. 


01.06.2026 20:16
6.5k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

26.05.2026 12:36
3.1k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

13.05.2026 23:26
5.2k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

04.05.2026 11:00
1.7k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......