Duşanbede «akylly» ýolyşyklar gurnalyp başlandy

  • düýn 16:11
  • 4k+

Duşanbe şäherinde ýol infrastrukturasyny täzelemek boýunça giň gerimli işler başlandy. Onuň dowamynda Täjigistanyň paýtagtynyň şaýollaryndaky we köçelerindäki ähli köne ýolyşyklar döwrebap «akylly» enjamlar bilen çalşylar. Bu barada «Howar» milli maglumat agentligi Içeri işler ministrliginiň şäher müdirligine salgylanyp habar berýär.

Täze ýolyşyklar ulag akymynyň dykyzlygyny özbaşdak seljerýän we hereket tapgyrlaryny kadalaşdyrýan awtomatlaşdyrylan ulgam bilen baglylykda işleýär.

«Akylly şäher (Smart City)» döwlet unitar kärhanasynyň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň paýtagtyň esasy ýollaryndaky agramy ep-esli azaltmaga, şeýle-de dyknyşyklaryň we ýol-ulag hadysalarynyň sanyny azaltmaga mümkinçilik bermegine garaşylýar.

Ýolyşyk desgalaryndan başga-da, Duşanbede wideo-gözegçilik ulgamy hem işjeň ösdürilýär: häzirki wagtda 115 sany çatrykda düzgün bozulmalaryny hasaba alýan 315 kamera we ýüzleri tanaýan 43 kamera işleýär.

Şeýle hem maksatnamada tölegli awtoulag duralgalarynyň çägini giňeltmek we «Bozdoşt» meýilnamasynyň çäklerinde şäheriň giriş ýollarynda goşmaça kameralary gurnamak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa şäherdäki amallara gözegçiligi täze tehnologik derejä çykarmaga ýardam eder.


22.08.2025 13:11
4.4k+

Täjigistandaky gadymy Mugtepa şäher harabaçylygynda keramik suw geçiriji tapyldy

Täjigistanyň Hujand döwlet uniwersitetiniň arheologlary gadymy Mugtepa şäher harabaçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda birnäçe artefaktlary, şol sanda gadymy suw geçirijini tapdy. Tapyndy nobatdaky gezek Merkezi Aziýada ýaşan halklaryň ýokary inženerlik bilimine eýe bolandygyny görkezdi diýip, Arkeonews ýazýar...

07.07.2025 13:35
6.9k+

Täjigistanda eýesiniň ady ýazylan I-III asyrlaryň küýzesi tapyldy

Arheologlar Täjigistanda Kuşan imperiýasy döwründe ýaşan bir aýalyň adyny saklaýan baktriýa dilindäki ýazgy bilen keramiki gaby tapdy. Tapyndy Sarband obasynyň golaýyndaky gadymy Halkajar şäherçesinde ýüze çykaryldy diýip, The Times of Central Asia-a salgylanyp, Archaeology Magazine habar berýär...

10.11.2024 23:27
11k+

Arheologlar Täjigistanda gadymy adamlaryň mesgen tutan ýerini tapdylar

Ierusalimiň Ýewreý uniwersitetiniň we Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň arheologlary Merkezi Täjigistanyň Zerawşan jülgesinde möhüm açyş etdiler. Soýi Hawzakyň köp gatly arheologiki ýadygärliginde gadymy...

25.10.2023 17:56
7.2k+

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Duşenbede halkara gurjak teatrlarynyň festiwalyna gatnaşýar

24-nji oktýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde «Çodari haýol» atly VII halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly öz işine başlady. Oňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem gatnaşýar. Türkmenistanyň...