Hytaýda kuwwaty, stili we ekologik arassalygy utgaşdyrýan Camry HEV görkezildi

  • 27.04.2026 06:14
  • 7.5k+

24-nji aprelde açylan Pekin halkara awtosalonynda (Auto China 2026) Toyota kompaniýasy GAC Toyota bilelikdäki kärhanasy tarapyndan ýörite Hytaý bazary üçin taýýarlanan Camry 2026 modelini tanyşdyrdy. Biznes-sedanyň rahatlygyny we ýangyç tygşytlylygyny özünde jemleýän 2.0 HEV wersiýasy esasy täzelik boldy.

Daşky görnüşi boýunça awtomobil özüne mahsus bolan stili saklap galdy, ýöne tor görnüşli radiator gözenegi, gara spoýler we 18 dýuýmlyk tigir diskleri bilen has dinamiki keşbe eýe boldy.

Täze Camry-nyň salony sanly enjam paneli, howanyň intellektual aromatizasiýa ulgamy, emeli aň kömekçilerini goldaýan multimedia ulgamy we 64 öwüşginli atmosfera yşygy bilen düýpli özgerdildi. Premium üpjünçilikde panorama görnüşi we sanly açar, şeýle-de awtoduralga ýerleşmekde kömekçi ulgam aýratyn tapawutlanýar. 2.0 HEV wersiýasynyň üpjünçiligi e-CVT transmissiýasy bilen işleýän, umumy kuwwaty 197 at güýjüne (145 kWt) deň bolan gibrid güýç enjamyndan ybarat.

Tehniki maglumatlara görä, WLTC boýunça ýangyç sarp edilişi 100 km üçin 4,5 litre deňdir. Bu bolsa 2.0 HEV wersiýasynyň öňki nesilleriň arassa benzinli wersiýalaryndan 30%-den gowrak tygşytlydygyny aňladýar. Täze önümiň Hytaýda ýakyn wagtda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Pekindäki halkara awtoulag sergisi 3-nji maýa çenli dowam eder.


şu gün 09:56
273

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....