Aşgabatda «Ýaş inžener 2026» robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçiriler

  • 24.04.2026 17:33
  • 3k+

Ertir, 25-nji aprelde Aşgabatda innowasion tehnologiýalara gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň arasynda «Ýaş inžener — 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçiriler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan guralýan bu bäsleşik dört ugur boýunça geçiriler:

  • «Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary»: Bu taslama-döredijilik bäsleşigine 7–12-nji synp okuwçylary ýekelikde ýa-da iki adamdan ybarat topar bolup, öz innowasion taslamalary bilen gatnaşyp biler.
  • «Robototehnika»: 7–12-nji synp okuwçylary üçin niýetlenen bu ugurda robotlar 2,5 minutyň dowamynda ýerdäki topjagazlary ýygnap, dürli beýiklikdäki gaplara ýerleşdirmeli. Bu ugurda iň gowy netije görkezen bäş gatnaşyjy First Global Challenge — 2026 robototehnika dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.
  • «Erjeller kodlaýar»: 8-nji synpdan kiçi okuwçylar Scratch programmirleme dilinde taýýarlan oýunlaryny we animasiýalaryny, şeýle-de başga görnüşli programmalaryny hödürläp biler.
  • «BattleBots»: Robotlaryň göreşi islendik ýaşdaky raýatlar üçin açykdyr.

Bäsleşigiň çäklerinde sergi hem-de okuw-dil merkezleriniň diwarlyklary guralar. Hususan-da, «Bilesigeliji» (Curioo Kids) okuw merkezi çagalaryň ukyp-başarnyklaryny anyklaýyş ulgamlary we okatmakda ulanylýan döwrebap usullar bilen tanyşdyrar.

Gatnaşyjylar 25-nji aprele doly taýýar ýagdaýda, taslamalary bilen bilelikde, bäsleşik başlamazdan öň gözden geçirilişige gelmelidir. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Bilim ministrliginiň Hormat hatlary gowşurylar.

Bäsleşik «Ojаr Aziýa» hususy kärhanasynyň binasynda, G. Kulyýew köçesiniň 38-nji jaýy salgysy boýunça geçiriler. Goşmaça maglumatlary almak üçin +99361862766 telefon belgisi arkaly ýüz tutup bilersiňiz.


02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

30.05.2026 19:43
1.7k+

Şanhaýda ynsanpisint robotlar üçin mekdep açylýar

2026-njy ýylyň iýul aýynda Şanhaýyň ýokary tehnologiýaly Žanszýan sebitinde meýdany 5000 inedördül metrlik innowasion tälim merkezi açylar. Bu merkez dürli öndürijileriň robotlaryny bilelikde okatmak we......

25.05.2026 20:48
3.9k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......