Günde X2.5 derejeli güýçli partlama bolup geçdi

  • 24.04.2026 14:31
  • 3k+

Şu gün sagat 06:07-de (Aşgabat wagty bilen) Günde X2.5 derejeli partlama hasaba alyndy. Bu ýagdaý, soňky iki ýarym aýyň dowamyndaky iň güýçli hadysalaryň biridir. Şoňa meňzeş derejedäki partlama (X4.2) iň soňky gezek fewral aýynyň başlarynda hasaba alnypdy.

​Hadysa kosmos obserwatoriýalary tarapyndan bellige alnan, göze görnüp duran plazma zyňyndysy bilen bilelikde geçdi. Partlama çeşmesi Günüň diskiniň gyrasyna ýakyn ýerleşendigi üçin, plazma zyňyndysy Ýerden daş tarapa gönükdirildi. Şol sebäpli, ilkinji çaklamalara görä, planeta düýpli täsir etmegine garaşylmaýar. Diňe plazma buludynyň gyrasy bilen gowşak galtaşma bolmagy ähtimal.

​Şunuň bilen birlikde, Günüň işjeňligi ýokarylygyna galýar. Şol sebäpli gündiziň dowamynda täze güýçli partlamalaryň ýüze çykmagy hem ähtimaldyr.


14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 11:09
2k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

07.06.2026 19:54
2.3k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....