Astanada «RES 2026 EXPO» halkara sergisi öz işine başlady

  • 22.04.2026 17:31
  • 3.4k+

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gazagystanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti öz işine başlady. Bu sammitiň çäklerinde Astananyň «EXPO» halkara sergiler merkezinde «RES 2026 EXPO» atly halkara serginiň açylyşy boldy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlangyjy bilen geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary, şeýle hem Ermenistanyň, Gruziýanyň, Mongoliýanyň Prezidentleri, Azerbaýjanyň Premýer-ministri we abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary bu sergä baryp gördi. Sergide Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we Azerbaýjanyň milli pawilýonlaryna, şol sanda Türkmenistanyň pawilýonyna aýratyn orun berlipdir.

Dünýäniň 30 ýurdundan 300-e golaý kompaniýany bir ýere jemleýän bu halkara sergi 24-nji aprele çenli dowam eder we oňa jemi 20 müň töweregi adamyň baryp görmegine garaşylýar. Serginiň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş babatda gazanan üstünliklerini açyp görkezmekden ybarat. Gözden geçirilişde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, sirkulýar ykdysadyýet, emeli aň, «ýaşyl» maliýe, «akylly» şäherler we häzirki zaman agrotehnologiýalary ýaly sebitiň ekologik geljegini kemala getirýän innowasion çözgütler tanyşdyrylýar.

Durnukly ösüş ulgamynda taslamalary hödürleýän kompaniýalar üçin bu meýdança täze maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga we özara gatnaşyklary ýola goýmaga giň mümkinçilik döredýär.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......