«Lufthansa» ýangyç tygşytlamak üçin 20 müň uçuşy ýatyrýar

  • 22.04.2026 20:12
  • 6.6k+

Ýewropanyň iň iri awiakompaniýasy bolan «Lufthansa» ýangyç sarp edilişini azaltmak maksady bilen, iýun aýyndan oktýabr aýyna çenli, takmynan 20 müň uçuşyň ýatyrylýandygyny yglan etdi. Bu barada Deutsche Welle neşiri kompaniýanyň beýanatyna salgylanyp habar berýär.

​Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu çäre 40 müň tonnadan gowrak awiasiýa ýangyjyny tygşytlamaga mümkinçilik berer we işiň umumy netijeliligine düýpli täsir etmez.

​«Lufthansa» Frankfurt-na-Maýne we Mýunhen ugurlaryndaky girdejisi az bolan gatnawlaryň ýatyryljakdygyny, şol bir wagtyň özünde Sýurih, Wena we Brýussel ugurlaryndaky uçuşlaryň köpeldiljekdigini düşündirdi. Şeýle-de, Rim şäherine we Rime tarap amala aşyrylýan gatnawlaryň sany hem azaldylar. Ýatyrylan ugurlaryň doly sanawyny aprel aýynyň ahyrynda mälim etmek meýilleşdirilýär.

​Ýangyç ýetmezçiligi sebäpli beýleki awigatnadyjylar hem meňzeş çäreleri görýärler. Şwedleriň «SAS Scandinavian Airlines» kompaniýasy aprel aýynda müňe golaý uçuşy ýatyrandygyny habar berdi. «Air France-KLM» topary bolsa uzak aralyga uçuşlar üçin ýangyç tölegini 100 ýewro deňiç ýokarlandyrdy.

​Awiasiýa ýangyjynyň ýetmezçiligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar bilen baglylykda ýüze çykdy. 17-nji aprelde nemes awiakompaniýalary häkimiýetlere ýüz tutup, ýangyç gorlaryny artdyrmak üçin strategiki kerosin gorlaryny ulanmaga we NATO-nyň turba geçirijiler ulgamyna rugsat bermäge çagyrdylar.

​Halkara energetika agentliginiň başlygy Fatih Birol 16-njy aprelde beren beýanatynda, Ýewropadaky awiasiýa ýangyç gorlarynyň, takmynan alty hepdä üçin ýetjekdigini aýtdy. Ol Ýakyn Gündogardaky ýagdaý tiz wagtda durnuklaşmadyk halatynda, awiakompaniýalaryň uçuşlary köpçülikleýin ýatyrmaly boljakdygyny duýdurdy.

 


20.06.2026 19:55
11k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

19.06.2026 19:36
6k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

11.06.2026 07:37
5.6k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

10.06.2026 10:55
7.7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....