Muňa 20 ýyl garaşyldy: «Melgun Prada geýýär 2» filminiň premýerasy boldy

  • 21.04.2026 19:16
  • 3.3k+

Los-Anjelesde «Melgun Prada geýýär 2» (Дьявол носит Prada 2) filminiň ilkinji resmi görkezilişi geçirildi.  Film 1-nji maýda prokata çykar.

Tanyşdyrylyş dabarasyna esasy rollary ýerine ýetiriji artistler Meril Strip, Enn Heteueý, Emili Blant we Stenli Tuççi gatnaşdy. Myhmanlaryň arasynda aýdymçy Ledi Gaga, model Haýdi Klum we filmiň režissýory Dewid Frenkel hem bar.

Filmiň dowamyndaky wakalar ýene-de Meril Stripiň ýerine ýetirmeginde «Podium» žurnalynyň ýolbaşçysy Miranda Pristliniň töwereginde ýaýbaňlanýar. Baş gahryman çap neşirleriniň täsiriniň peselmegi sebäpli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Şeýle-de, filmde Mirandanyň eýýäm moda pudagynda öz karýeralaryny guran öňki kömekçileri — Endi we Emili bilen özara gatnaşyklary görkezilýär.

Filmiň birinji bölümi 2006-njy ýylda ekrana çykypdy we geçen ýyllaryň dowamynda dünýä derejesinde meşhurlyk gazandy.


düýn 23:54
286

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....