Gazagystanda täze baýram — Tazy we Tobet güni döredildi

  • 21.04.2026 17:24
  • 3.3k+

Gazagystanda 3-nji sentýabrda Gazak tazysynyň we tobetiniň güni belleniler. Degişli goşmaçalar ýurduň hökümeti tarapyndan çap edilen «Baýramçylyk seneleriniň sanawyny tassyklamak hakyndaky» Karara girizildi.

Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýin däl. 2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Halkara kinologiýa federasiýasy (FCI) gazak tazysyny resmi tohum hökmünde deslapky ykrar etmek barada çözgüt kabul etdi we Gazagystanyň tohum standartyny saklaýjy statusyny berkitdi. Bu ädim tohumyň halkara derejesinde doly ykrar edilmeginiň öňündäki esasy tapgyr hasaplanýar.

Tazy — awçy itleriniň bir görnüşi, gündogar tazysy. Tobet bolsa Aziýanyň çopan itiniň gadymy adydyr. Itleriň bu tohumlary gazak halky üçin uly medeni ähmiýete eýedir. Gazagystanyň Ekologiýa ministrliginde şeýle günüň döredilmeginiň milli mirasy gorap saklamaga we wagyz etmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Edarada bu başlangyjyň amaly tarapyna hem üns çekilýär. Kinologiýanyň we oňa degişli ugurlaryň ösdürilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de salgyt tölegleriniň artmagyna ýardam edip biler.

Baýramçylygy bu tohumlaryň taryhyna, aýratynlyklaryna we olara ideg edilişine bagyşlanan leksiýalar, seminarlar, sergiler we beýleki çäreler bilen utgaşdyryp geçirmek meýilleşdirilýär.


19.06.2026 11:22
4.6k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....