«Super Mario: Galaktika kinosy» 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi

  • 25.04.2026 15:52
  • 1.6k+

«Super Mario: Galaktika kinosy» filmi görkezilişiniň üçünji uik-endinde 35 million dollar ýygnady. Indi dünýä boýunça jemi 747 million dollar girdeji gazanan bu film 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Mundan ozal, 2026-njy ýylyň iň girdejili filmi diýlip Hytaýyň sport komediýasy bolan «Pegas-3» hasaplanýardy. Ol häzir ikinji orna düşdi. Üçünji orunda bolsa jemi 285 million dollar girdeji bilen «“Ahyrzaman” taslamasy» ýerleşýär.

Mundan öň «Super Mario: Galaktika kinosy» başga bir rekordy hem goýupdy: film prokatyň ilkinji gününde 34 million dollar ýygnady. Bu bolsa 2026-njy ýylyň ähli taslamalarynyň arasynda iň gowy netijedir. Ol ilkinji gününde 33,1 million dollar gazanan Raýan Goslingiň gatnaşmagyndaky «“Ahyrzaman” taslamasy» filminden hem öňe geçmegi başardy.


düýn 23:54
286

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....