Ylmy jedellere nokat goýuldy: Nanotirannus resmi taýdan aýratyn dinozawr görnüşi diýlip ykrar edildi

  • 26.04.2026 15:59
  • 4.7k+

Prinston uniwersitetiniň we Nebraska ştatynyň muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagyndaky halkara alymlar topary Nanotirannusyň «Tirannozawr reksiň» (T. rex) ýaş wekili däl-de, eýsem, aýratyn görnüşli dinozawrdygyny tassykladylar.

​Science žurnalynda çap edilen barlag işi, 1942-nji ýylda tapylan kelleçanagyň süňk gurluşyny öwrenmek arkaly paleontologlaryň köp ýyllyk jedellerine nokat goýdy.

​Barlagyň esasy subutnamasy dilasty süňküň gistologiýasy boldy. Bu süňk, jandaryň arasan çykan wagtynda ýetişen ýa-da ýetişgenlik möwritine ýakyn bolandygyny görkezdi. Çaklamalara görä, nanotirannusyň uzynlygy takmynan 5,5 metr bolupdyr. Bu bolsa 12 metre ýetýän ululykdaky tirannozawryň uzynlygyndan iki esse kiçidir.

​Mundan ozal, bu görnüşiň «T. rex-iň» ýaş nesli bolandygy çaklanylýardy, emma täze maglumatlar bu çaklamany doly inkär edýär.

​Eksperimentiň takyklygyny üpjün etmek üçin, gazuw-agtaryşda tapylan süňkleriň gurluşy häzirki zaman haýwanlarynyň — düýeguşlaryň, alligatorlaryň we hažžyklaryň süňkleri bilen deňeşdirildi. Bu usul paleontologiýada täze ülňüň emele gelmegine itergi berip biler.

Görnüşi ýaly, bu açyş giçki hek eýýamynyň ekoulgamy baradaky düşünjämizi düýpgöter üýtgedýär. Şeýlelikde, indi bir gurşawda dürli agram derejesindäki ýyrtyjy haýwanlaryň bilelikde ýaşandygy subut edildi diýip aýtmak bolar.

 

 


düýn 16:45
3.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
3.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
983

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......