Antibiotikleriň ýerine wiruslar: mergen bakteriýalar howply infeksiýalara garşy göreşde has netijelidigini subut etdi

  • 21.04.2026 10:16
  • 2.7k+

Bakteriýalaryň antibiotiklere garşy durnuklylygy artýan mahalynda, alymlar mikroorganizmleri öldürýän tebigy wiruslar bolan bakteriofaglary däp bolan bejerginiň iň geljegi uly alternatiwasy hökmünde göz öňünde tutýarlar.

Barlagçylaryň maglumatlaryna görä, fag terapiýasy adaty dermanlaryň netijesiz bolan ýagdaýlarynyň takmynan 70% -inde üstünlikli bolýar. Ol adamyň peýdaly mikroflorasyna zyýan ýetirmezden, kesel dörediji bakteriýalaryň maksatly ýok edilmegini üpjün edýär.

Faglaryň antibiotiklerden esasy tapawudy olaryň saýlap bilijiligidir. Antibiotik "bomba" ýaly hereket edip, öňünden çykan ähli zady ýok edýän bolsa, fag bakteriýanyň diňe belli bir görnüşine hüjüm edip, "mergen" kimin hereket edýär.

Adam bedeninde takmynan 40 trillion bakteriýa ýaşaýar, olaryň köpüsi örän gereklidir.

Fag terapiýasy infeksiýanyň sebäbini nyşana alyp, aradan aýyrmak arkaly, bu deňagramlylygy saklamaga kömek edýär. Häzirki wagtda lukmanlar ýöriteleşdirilen biobanklary ulanýarlar we müňlerçe dürli wirus görnüşleriniň arasyndan hassadaky belli bir görnüşiň goragyny döwüp bilýän wirusy saýlaýarlar.

Emeli aňyň we sanly tehnologiýalaryň güýji bilen goldanylýan häzirki zaman biologiýasy bu prosesi ep-esli çaltlaşdyrdy. Öň belogyň gurluşlaryny öwrenmek üçin ýyllar gerek bolan bolsa, indi neýron torlary bu işi birnäçe minutda ýerine ýetirýär. Bu bolsa özboluşly Arktika ştammlary ýaly, mikroorganizmleriň giň kolleksiýalaryndaky degişli genleri we fermentleri has çalt kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Fag biobanklarynyň işlenip düzülmegi adamzadyň islendik ýönekeý infeksiýanyň ölüme sebäp bolup bilen antibiotiklerden öňki döwre gaýdyp gelmeginiň öňüni almak üçin, global lukmançylygyň strategik ugry bolup durýar.


10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....