Germaniýanyň ýaşaýjysy 15 ýewro satyn alan seýfiniň içinden altyn bölegini tapdy

  • 20.04.2026 14:47
  • 6.1k+

Bawariýanyň Trostberg şäheriniň 56 ýaşly ýaşaýjysy onlaýn platforma arkaly bary-ýogy 15 ýewro ulanylan seýf satyn aldy, ýöne onuň içinden bahasy, takmynan, 32 müň ýewro deň bolan altyn bölegi çykdy. Bu täsin tapyndy barada ýerli polisiýa maglumatlaryna salgylanyp, DPA agentligi habar berdi.

Alyjy harydy kabul edip alanda hiç hili şübheli zat duýmady, ýöne öýünde ony gurnap otyrka, seýfi tötänleýin gyşardyp, gizlin bölümi tapýar. Polisiýanyň düşündirmegine görä, bu gizlin bölüm öndüriji zawod tarapyndan däl-de, soň eýesi tarapyndan goşulypdyr, şonuň üçin hem onuň bardygyndan hiç kimiň habary bolmandyr. Ýaşuly tapylan gymmatlyk barada haýal etmän hukuk goraýjy edaralara habar berdi.

Barlag işleriniň dowamynda seýfi satan adamyň bu emlägi özüniň 90 ýaşly kakasynyň haýyşy boýunça satandygy anyklandy. Goja 250 gram agramyndaky altyn bölegini gizländigini ýadyndan çykarypdyr. Bu altynyň şertnamanyň bir bölegidigi ýa-da ýokdugy barada çylşyrymly raýat-hukuk dawasynyň döremek ähtimallygyna garamazdan, hiç hili kazyýet işine zerurlyk bolmady: seýfiň täze eýesi gymmat bahaly metaly öňki eýesine meýletin we höwes bilen gaýtaryp berdi.


25.05.2026 21:06
7.9k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

15.05.2026 18:24
3.3k+

Üýtgeşik «Ocean Dream» göwheri bolan ýüzük rekord 17,3 mln dollara satyldy

Seýrek duşýan «Ocean Dream» göwheri oturdylan ýüzük Ženewada geçirilen Christie’s auksionynda 13,57 million şweýsar frankyna (takmynan, 17,37 million dollar) satyldy....

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......