«Ýaş Şerlok» serialy ikinji möwsüme uzaldyldy

  • 19.04.2026 11:52
  • 2.6k+

«Ýaş Şerlok» (Молодой Шерлок) serialy ikinji möwsüme uzaldyldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Taslamanyň birinji möwsüminiň premýerasy 4-nji martda Prime Video platformasynda bolupdy.

Režissýor Gaý Riçi serialyň dowamynyň ilkinji bölümine režissýorlyk eder we taslamanyň ýerine ýetiriji prodýuseri hökmünde çykyş eder.

Birinji möwsümiň sýužeti 1870-nji ýyllaryň Oksfordynda bolup geçýär. Baş gahryman özüniň ilkinji derňewine girişýän, häsiýeti çylşyrymly ýetginjek hökmünde görkezilýär. Ol bir adam ölüminiň üstüni açmak bilen, özüniň geljekki ykbalyna täsir etjek halkara dildüwşügiň üstünden barýar.

Baş keşbi Hiro Faýns-Tiffin ýerine ýetirdi. Şeýle hem taslamada Donal Finn, Sen Szine, Jozef Faýns, Nataşa MakElhon, Maks Aýrons we Kolin Fert ýaly aktýorlar çykyş etdi.

Serial Endrýu Leýniň ýaş detektiw baradaky kitaplar toplumyna esaslanýar. Soňky roman 2015-nji ýylda neşir edilipdi.

Bu Gaý Riçiniň Artur Konan Doýluň eserleri bilen bagly ilkinji taslamasy däldir. Ol mundan ozal Şerlok Holmsyň rolunda Robert Dauni-kiçiniň we doktor Watsonyň rolunda Jud Louwyň oýnamagynda «Şerlok Holms» (2009) we «Şerlok Holms: Kölegeler oýny» (2011) filmlerini surata düşüripdi.


düýn 23:54
286

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....