«Tagtlaryň oýny» älemi boýunça ilkinji doly metražly film yglan edildi

  • 20.04.2026 00:04
  • 3.4k+

Warner Bros. kompaniýasy «Tagtlaryň oýny» (Game of Thrones / Игра престолов) älemi boýunça ilkinji doly metražly filmiň üstünde işlenip başlanandygyny resmi taýdan yglan etdi. Variety neşiriniň habar bermegine görä, taslamanyň iş ady — «Tagtlaryň oýny: Eýgonyň tabynlygynda».

Taslama barada CinemaCon maslahatynyň çäklerinde studiýanyň geçiren tanyşdyryş dabarasynda mälim edildi. Film kompaniýanyň uzak möhletleýin strategiýasyna girizildi we onuň ekranlara çykjak wagty 2027-nji ýyldan ir bolmaz diýlip meýilleşdirilýär. Iş barşynda filmiň ady üýtgäp biler.

Ssenarini «Kartdan jaý» (Карточный домик) serialy bilen tanalýan Bo Uillimon ýazýar. Taslamanyň taýýarlyk işleri barada ilkinji gezek mart aýynda habar berlipdi.

Filmdäki wakalar asyl serialdan üç asyr ozalky döwri öz içine alýar. Sýužetiň merkezinde aždarhalary bolan Targariýenler nesilşalygynyň häkimiýet başyna gelşi we onuň Westerosda öz gözegçiligini ýola goýşy barada gürrüň berilýär.

Bu taryhy waka Jorj R.R.Martiniň nesilşalygyň kemala gelmegi barada ýazylan «Ot we gan» kitabyna esaslanýar.


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....