«Titanigiň» zenan ýolagçysynyň halas ediş gursakçasy auksiona çykaryldy

  • 20.04.2026 06:45
  • 5.4k+

Beýik Britaniýada «Titanik» gämisiniň ýolagçysy Laura Meýbl Frankatelliniň halas ediş gursakçasy 475 müň dollar baha bilen auksiona çykaryldy. Söwdany «Henry Aldridge & Son» auksion öýi alyp barýar.

Birinji klasda syýahat eden Frankatelli 1912-nji ýylda gämi heläkçilige uçran wagty halas ediş gämisine münmezinden ozal bu gursakçany geýipdir. Onuň ýatlamagyna görä, nätanyş bir erkek adam munuň ätiýaçlyk çäresidigini aýdyp, oňa gursakçany geýmäge kömek edipdir.

Ilki bilen ol we ýanyndaky ýoldaşlary birnäçe halas ediş gämisine münmäge synanyşypdyr, emma başa barmandyr. Netijede olara 40 adama niýetlenen, ýöne bary-ýogy 12 adam bilen suwa goýberilen 1-nji belgili halas ediş gämisinden ýer tapmak başardýar. Soňra olary «Karpatiýa» gämisi halas edýär.

«Titanikden» halas bolan ýolagçylar «Karpatiýa» halas ediş gämisiniň bortunda. Bu suratda Laura Meýbl Frankatelli (ýokarky hatarda, sagdan üçünji) öz iş berijileri — jenap Kosmo Daff-Gordon we onuň aýaly Lýusi (hanym Daff-Gordon) bilen bile dur. Olar soňlugy bilen «pul gämisi» diýlip atlandyrylan 1-nji belgili halas ediş gämisinde halas bolan az sanly birinji klas ýolagçylarynyň biridir.

Auksion öýüniň wekili Endrýu Oldrijiň aýtmagyna görä, «heläkçilikden aman galanlaryň geýen halas ediş gursakçalaryndan diňe birnäçesi saklanyp galypdyr. Galanlaryň ählisi muzeýlerde bolup, olar hiç wagt satylmaz».

«Titanik» gämisi 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde syýahata ugraýar we 15-nji aprele geçilýän gije aýsberg bilen çaknyşyp, suwa gidýär. Heläkçiligiň netijesinde 1,5 müňe golaý adam heläk bolýar, 712 adama bolsa halas bolmak başardýar.


düýn 23:54
286

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....