Türkiýeli alymlar «akylly şpris» oýlap tapdylar

  • 23.04.2026 12:05
  • 4.4k+

Haber7 portaly Stambuluň Ýyldyz tehniki uniwersitetiniň alymlary tarapyndan hirurgiýa operasiýalaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän «akylly şprisiň» oýlap tapylandygyny habar berdi.

Bu enjam adatça el bilen ýerine ýetirilýän dokumalara täsir etmek işini awtomatlaşdyrýar. Ulgam basyş datçigi we kamera bilen üpjün edilip, ol lukmana operasiýa gidip duran wagtynda dokumalaryň ýagdaýyny hem gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär.

Taslamany Mehatronika kafedrasynyň mugallymlary Jüneýt Ýylmaz we Wasfi Emre Ömürlü hödürlediler. Enjam eýýäm Türkiýäniň Patent we haryt nyşanlary edarasy tarapyndan «peýdaly model» hökmünde resmi  hasaba alyndy.

– Bizň enjamymyzyň adaty gurallardan esasy tapawudy, endoskopik kameraly we basyş datçikli kontrolýor bilen enjamlaşdyrylandygydyr – diýip, Ýylmaz belleýär.

Döredijileriň aýtmagyna görä, bu tehnologiýa dokumalaryň zeperlenme howpuny peseldýär we lukmançylyk amallaryny has dürs ýerine ýetirmäge kömek edýär. Geljekde şeýle enjamlaryň ulanylmagy operasiýalaryň netijesinde ýüze çykyp biljek gaýraüzülmeleriň sanyny azaltmaga ýardam berer.


10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....