Alymlar kaşalotlaryň dilinde "çekimli sesleriň" bardygyny ýüze çykardylar

  • 23.04.2026 11:29
  • 2.2k+

Alymlar kaşalotlaryň sesleriniň adamyň diline meňzeş gurluşa eýedigini anykladylar. Bu barlagyň netijeleri Proceedings of the Royal Society B ylmy žurnalynda çap edildi.

Kaşalotlar kodalar diýlip atlandyrylýan gysga jyrkyldylar arkaly aragatnaşyk saklaýarlar. Seljermeler olaryň sesleri dowamlylygyna we belentligine görä tapawutlandyryp bilýändigini, adam dilindäki çekimli sesleri ýada salýan gurluşlary emele getirýändigini görkezdi.

Barlagçylaryň maglumatlaryna görä, şeýle ulgam adam dilleriniň fonetikasy we fonologiýasy bilen meňzeşliklere eýedir.

Bu barlag Dominikanyň kenarlaryndaky kitleriň özara aragatnaşygyny öwrenýän CETI (Cetacean Translation Initiative) taslamasynyň çäginde geçirildi.

1950-nji ýyllara çenli alymlar kaşalotlar ses çykarýandyr diýip güman hem etmeýärdiler, ýöne häzirki zaman tehnologiýalary, şol sanda emeli aň, olaryň dilini seljermäge we hatda aýdyňlaşdyrmaga hem kömek edýär. Kaşalotlaryň diliniň çylşyrymlylygy alymlaryň totyguşlar we piller ýaly beýleki jandarlarda öwrenen ähli zatlaryndan has ýokarydyr.

Alymlar kaşalotlaryň nesilleriň arasynda maglumat geçirip bilýändigini belleýärler.

Geljek ýyllarda barlagçylar haýwanlaryň hereketleri bilen baglanyşykly aýratyn ses yşaratlaryny tanamagy öwrenmäge umyt edýärler.
 


düýn 14:01
5.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

düýn 12:12
5.9k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

10.06.2026 11:13
8.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......