Lana Del Reý Jeýms Bonduň gelip çykyşy hakyndaky oýnuň saundtrekini ýazgy etdi

  • 20.04.2026 19:16
  • 2.8k+

Amerikaly aýdymçy Lana Del Reý Jeýms Bond hakyndaky franşiza esaslanýan "007: First Light" wideo oýnunyň esasy aýdymyny ýazdy diýip, Radio Times habar berdi.

Bu kompozisiýa Bond hakyndaky filmleriniň bäşisiniň sazyny ýazan kompozitor Dewid Arnold bilen hyzmatdaşlykda ýazgy edildi. Trek "First Light" diýlip atlandyryldy we onda agent 007 hakyndaky filmleriň nusgawy temasynyň äheňleri bar.

"Ady agzalýan aýdym bize bosagasynda duran dünýämiz - gyzykly, tolgundyryjy we özüne çekiji  dünýä barada gürrüň bermeli. Bu aýdym žanrlary kesgitleýän aýdymlar bilen bir hatarda durýar, olaryň her biri stil üçin ölçeg döredýär we "Bond hakyndaky aýdymlaryň" ajaýyp mirasynyň üstüni ýetirýär" diýip, Arnold belledi.

Oýun IO Interactive we Amazon MGM Studios tarapyndan işlenip düzülýär. Işläp düzüjiler taslamanyň Jeýms Bonduň   gelip çykyşynyň asyl taryhyny hödürlejekdigini öňe sürýärler.

Bu ýordum 26 ýaşly Bonduň karýerasynyň başynda başdan geçirýän wakalary barada gürrüň berýär. Patrik Gibson bu keşbe ses berer we janlandyrar. Beýleki keşpler Lenni Krawisiň, Priýanka Berfordyň, Lenni Jeýmsiň, Kira Lesteriň, Alaster Makkenziniň, Jemma Çanyň we Noemi Nakaýyň keşplerine esaslanýar.

Oýnuň 27-nji maýda çykarylmagyna garaşylýar.


düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 10:41
1.3k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 19:18
3.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......