Ridli Skottuň «It ýyldyzlar topary» atly postapokaliptik trilleriniň treýleri çykdy

  • 22.04.2026 17:13
  • 2k+

20th Century Studios kinokompaniýasy režissýor Ridli Skottuň «It ýyldyzlar topary» (The Dog Stars) atly postapokaliptik trilleriniň treýlerini köpçülige hödürledi. Filmiň premýerasy 28-nji awgusta meýilleşdirilýär.

​Film Piter Helleriň 2012-nji ýylda neşir edilen adybir romany esasynda düşürildi. Ssenariýany tasa getiren «Diri galan» (The Revenant) we «Girdap-2» (Twisters) filmleri arkaly tanalýan Mark L. Smitdir. Baş keşpleri bolsa Jeýkob Elordi, Joş Brolin we Margaret Kuolli janlandyrdylar.

​Eseriň sýujeti Ýerdäki ilatyň tas hemmesini gyrgyna beren pandemiýadan soň diri galan uçarman Hig barada gürrüň berýär. Kesel onuň aýalyny we ähli dostlaryny elinden alýar. Ol kiçijik bir aerodromyň angarynda iti we garasöýmez goňşusy bilen bilelikde ýaşaýar.

​Hig özüniň kiçijik uçarynda aerodromyň töwereginde barlag uçuşlaryny amala aşyrýar, käwagtlar bolsa balyk tutmak we aw etmek üçin pyýadalap daga gidýär. Ol hemme zadyň ýerbe-ýerdigine özüni ynandyrmaga çalyşýar. Emma günleriň birinde adaty uçuş wagtynda radioenjam arkaly nätanyş bir adamyň signalyny tutýar. Ýangyjyň ýetmezçiligi sebäpli yzyna dolanyp bilmezlik howpuna garamazdan, ol şol adamy gözlemäge gitmek kararyna gelýär.

​Aslynda bu filmde baş keşbi Pol Meskal janlandyrmalydy, emma ol 2025-nji ýylyň başynda režissýor Sem Mendesiň «The Beatles» topary baradaky terjimehal filmleriniň surata düşüriliş tertibi bilen gabat gelmegi sebäpli taslamadan çekildi.

​Soňra bu keşp üçin Jeýkob Elordiniň göz astyna alynýandygy mälim boldy. Akýoryň başga taslamalar bilen meşguldygyna garamazdan, ol filme goşulmagy başardy. Surata düşüriliş işleri 2025-nji ýylyň aprel aýynda Italiýada başlandy.

​«It ýyldyzlar topary» Ridli Skottuň prokatda şowsuzlyga uçran «Gladiator-2» (2024) filminden soňra ilkinji işidir. Şeýle-de bu taslama režissýoryň ozal «Prometeý» we «Marsly» filmlerini düşüren 20th Century Studios kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň täzeden dikeldilmegidir.


düýn 23:54
286

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....