Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasy» açyldy

  • 17.04.2026 17:58
  • 5.4k+

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasy» açyldy. Dabara Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Bu taslama ylym we bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Hünärmenleri taýýarlamak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýurduň ykdysady ösüşiniň binýady hasaplanýar. Bu ugurda tehnologiýa we bilim tejribesini alyşmaga gönükdirilen Hytaý bilen hyzmatdaşlyk möhüm orun tutýar.

«Lu Ban ussahanasy» nebit-gaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Talyplar we mugallymlar geologiýa, buraw işleri hem-de maglumat ulgamlary bilen işlemek usullaryny öwrenip biler.

«Lu Ban ussahanasynyň» özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrülmegine, bilim ulgamyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam etmegine we Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşmagyna garaşylýar.


08.06.2026 23:01
2.5k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......