Paramount «Call of Duty» oýnunyň esasynda düşüriljek filmiň çykjak wagtyny yglan etdi

  • 17.04.2026 18:32
  • 3.6k+

Paramount kinokompaniýasy meşhur «Call of Duty» wideooýunlar seriýasynyň esasynda düşüriljek çeper filmiň çykjak senesini resmi taýdan mälim etdi. Filmi 2028-nji ýylyň 30-njy iýunynda çykarmak meýilleşdirilýär. Onuň önümçiligi Paramount we Activision studiýasynyň arasynda baglaşylan ylalaşykdan soňra başlandy.

Häzirki wagtda filmiň sýužeti we aktýorlar düzümi baradaky maglumatlar gizlin saklanýar. Emma režissýorlyk kürsüsinde «Watançylaryň güni» (“День патриота”) filmi bilen tanalýan Piter Bergiň oturjakdygy eýýäm mälimdir. Berg ssenariniň üstünde meşhur «Ýellowstoun» (Йеллоустоун) serialynyň awtory Teýlor Şeridan bilen bilelikde işleýär.

Bellemeli zat, Berg bilen Şeridanyň şowly hyzmatdaşlyk tejribesi bar. Olar 2016-nji ýylda tankytçylaryň ýokary bahasyna mynasyp bolan we «Oskar» baýragynyň dört nominasiýasyna hödürlenen «Her edip, hesip edip» (Любой ценой) filmini bilelikde taýýarlapdylar.


düýn 23:54
322

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....