Alymlar 700°C gyzgynlykda işlemäge ukyply çip döretdiler

  • 22.04.2026 16:31
  • 1.7k+

Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň inženerleri 700 dereje gyzgynlyga çenli bökdençsiz işlemäge ukyply elektron enjamyny işläp düzdüler. Bu täsin açyş baradaky makala Science žurnalynda çap edildi.

​Adaty elektronika ulgamlary 200°C töweregi gyzgynlykda hatardan çykyp başlaýar. Bu çäklendirme uzak wagtlap ekstremal şertlerde işleýän tehnika üçin iň uly bökdençlikleriň biri bolup galýardy.

​Täze oýlap tapylan memristor atly ykjam enjam bolsa, maglumatlary saklamak we hasaplamalary ýerine ýetirmek bilen birlikde, ýokarda agzalan kynçylykdan hem halas etjege meňzeýär.

Enjam elektrodlardan we olaryň arasyndaky keramiki gatlakdan ybaratdyr. Ony döretmek üçin ýokary gyzgynlyga durnukly bolan wolfram, gafniý oksidi we grafen ýaly materiallar ulanyldy.

​Bu taslamada grafen esasy orny tutýar. Ol gyzgynlyk wagtynda enjamyň içindäki metal atomlarynyň hereketlenmeginiň öňüni alýar. Adatça, şol atomlaryň hereketi gyzgynlykda gysga utgaşma sebäp bolýardy. Emma synag wagtynda enjam 700°C gyzgynlykda hem hiç hili näsazlyk görkezmedi. Bellemeli zat, bu gyzgynlyk derejesi diňe çipiň däl-de, eýsem, barlaghanadaky synag enjamynyň hem iň ýokary mümkinçiligi boldy.

Bu tehnologiýa geljekde älem syýahatlarynda, meselem, Wenera planetasyna iberiljek desgalarda, şeýle-de geotermal energetika we ýadro desgalary ýaly aşa gyzgyn şertli pudaklarda giňden ulanylar.


10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....