«Gollumyň awynda» filminiň çykjak senesi we aktýorlar düzümi yglan edildi

  • 21.04.2026 11:13
  • 2.1k+

Warner Bros. kompaniýasy «Gollumyň awynda» (Охота за Голлумом) atly filmiň 2027-nji ýylyň 17-nji dekabrynda ekranlara çykjakdygyny habar berdi. Şeýle hem aktýorlar düzümini mälim etdi.

Aragornyň keşbini Jeými Dornan ýerine ýetirer. Keýt Winslet bolsa Merigoldy oýnar. Şol bir wagtda eýýäm tanyş bolan rollara Endi Serkis (Gollum), Ien Makkellen (Gendalf), Li Peýs (Tranduil) we Elaýja Wud (Frodo) dolanyp geler.

Filmiň sýužeti «Hobbit» we «Ýüzük doganlygy» bölümleriniň arasyndaky wakalary öz içine alýar. Wakanyň özeni Gollumy tapmak ugrundaky gözleglere gönükdirilendir: Gollum Ýüzügiň nirededigini Saurona aýtmaka, Aragorn ony tapmak üçin howply syýahata ugraýar.

Bellesek, Piter Jeksonyň filmlerinde Aragornyň keşbini Wiggo Mortensen ýerine ýetiripdi.

Täze taslamanyň režissýory Endi Serkis boldy. Ssenarini bolsa Filippa Boýens, Fren Uolş, Fibi Gittins we Arti Papageorgiu ýazdy.

«Bu hakykatdan-da "tanapyň üstünde ýöremek" ýaly örän takyklygy talap edýän iş. Ilki bilen, "Ýüzükleriň hökümdarynyň" asyl nusgalarynyň üstünde işlän ähli topar ýene-de bir ýere jemlendi. Şonuň üçin film Piter Jeksonyň trilogiýasynyň — "Ýüzükleriň hökümdarynyň" we "Hobbitiň" dünýäsine we garaýyşlaryna berk esaslanýar. Hiç hili şübhesiz, bu Ortaýer baradaky hakyky hekaýat ýaly kabul ediler. Emma şol bir wagtda, bu Tolkiniň iň çylşyrymly gahrymanlarynyň biri bolan Gollumyň has çuňňur psihologik seljermesi bolar. Netijede örän gyzykly utgaşyk emele gelýär» – diýip, Serkis belledi.


düýn 23:54
286

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....